Ethereum-yň esaslandyryjysy haýyr-sahawata 1 mln dollarlyk memkoin bagyş etdi

  • 09.01.2025 14:15
  • 3.7k+

Ethereum-yň esaslandyryjylarynyň biri Witalik Buterin haýyr-sahawat maksatlary bilen köp mukdarda mem tokenlerden dynmagyny dowam etdirýär. Kriptomilliarder, takmynan, 984 000 dollar mukdarda memkoinleriň uly tapgyryny satdy we alnan serişdeleri Kanro biotehnologiki haýyr-sahawat guramasyna berdi diýip, Investing neşiri habar berýär.

Bu Buteriniň ilkinji haýyr-yhsany däl. Geçen ýylyň oktýabr aýynda ol tas 884 000 dollar mukdarda memkoin satyp, pullary howa-damja ýoly arkaly geçýän kesellere garşy göreş tehnologiýalaryny işläp taýýarlaýan kompaniýa berdi. Tomsuň ahyrynda Effective Altruism haýwanlary goramak gaznasyna kömek etmek üçin ýüzlerçe müň dollarlyk memkoin satdy.
Işewür 28 dürli token satdy, olaryň arasynda 500 000 DINU (13 208 dollar), 50,48 mlrd ESTEE (takmynan, 116 306 dollar), 92,000 DOGE (35 233 dollar), 80,47 mlrd JSHIBA (21 466 dollar) we 698 000 OMIKAMI (27 895 dollar) bar. Şeýle-de, Buterin FREE, DOBE, PLUTO we MONKEYS memkoinlerini satdy.
Memkoinleriň şeýle köpçülikleýin satuwy olaryň bazardaky bahasyna täsir etdi we gysga wagtlaýyn üýtgemelere getirdi. Mysal üçin, DINU we JSHIBA üçin bahalar 30%-den gowrak peseldi.
Buterin kriptopudakda sosial jogapkärçiligiň möhümdigini ençeme gezek nygtady. Ol kriptowalýutalar garyplyk, açlyk we kesel ýaly global meseleleri çözmekde güýçli gural bolup biler diýip hasaplaýar. 


23.05.2025 13:00
13k+

15 ýyl ozal 10 müň bitkoine iki pizza satyn alypdyrlar, şu gün bu mukdara 70 mln pizza düşýär

2010-njy ýylyň 22-nji maýynda amerikaly programmist Laslo Hanes taryhda ilkinji gezek bitkoini haryt satyn almak üçin ulanýar. Ol «Papa John’s-dan» iki pizza üçin 10 müň BTC töläpdi, şol wagt onuň gymmaty bary-ýogy 40 dollar töweregindedi...

26.02.2025 09:35
8.8k+

Hakerler bitkoini döredijileriň atlaryny anyklandygyny aýdýar: Koen we Sassemen

Näbelli hakerler topary bitkoini döredijileriň atlaryny bilmegiň başardandygyny nygtaýar. Hakerleriň pikiriçe, Satoşi Nakamoto adynyň aňyrsynda programmistler Brem Koen bilen Len Sassemen gizlenýär diýip, “Argumenty...

22.12.2024 13:23
4.7k+

Lýuks brendler kriptowalýuta töleglerini kabul edip başladylar

Ýakynda bitkoiniň bahasynyň ep-esli ýokarlanmagyndan soň, lýuks brendler kriptowalýuta arkaly tölegleri girizip başladylar diýip, Reuters habar berýär. Mysal üçin, Fransiýanyň uniwermaglar ulgamy Printemps öz dükanlarynda...

05.12.2024 12:28
5k+

Bitkoiniň bahasy 100 müň dollardan geçdi

5-nji dekabra geçilen gije bitkoin kriptowalýutasynyň bahasy Binance biržasynda ilkinji gezek 100 müň dollardan geçdi. Söwda platformasynyň maglumatlaryna görä, esasy kriptowalýutanyň bahasy Aşgabat wagty bilen...