Didýe Deşam DÇ-2026-dan soň Fransiýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden gider

  • 09.01.2025 13:52
  • 5.3k+

Fransiýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Didýe Deşam 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyndan soň wezipeden gitjekdigini mälim etdi. Bu barada hünärmen TFI teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy.

“Men 2012-nji ýyldan bäri milli ýygyndyda, şertnamam 2026-njy ýyla, indiki dünýä çempionatyna çenli. Şunuň bilen hemme zat gutarar, sebäbi haçan hem bolsa bu bolmaly. Meniň kellämde ähli zat aýdyň” – diýip, 56 ýaşly tälimçi belledi.

Deşam milli topara 2012-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýär, ol bu wezipäni Loran Blan işden gidenden soň eýeledi.
Deşam bilen Fransiýa 2018-nji ýylda dünýä çempionatyny utdy, 2022-nji ýylda dünýä çempionatynyň kümüş baýragynyň eýesi, UEFA-nyň Millerler ligasynyň ýeňijisi (2020/2021 möwsümi), şeýle-de Ýewropa çempionatynyň kümüş we bürünç baýraklarynyň eýesi boldy (degişlilikde, 2016-njy we 2024-nji ýyllarda). Milli ýygynda gelmezden ozal “Monakoda”, “Ýuwentusda” we “Marselde” tälimçi boldy.
Futbolçy hökmünde Deşam Fransiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde dünýä (1998) we Ýewropa (2000) çempiony boldy.
Indiki dünýä çempionaty 2026-njy ýylyň 11-nji iýunyndan 19-njy iýuly aralygynda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler. Ýaryşa ilkinji gezek 48 ýygyndy gatnaşar, final “Metlaýf-stediumda” (Nýu-Jersi ştaty) geçiriler.


şu gün 14:15
2.2k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

düýn 15:15
10k+

Dünýä çempionatyndaky ilkinji oýnundan öň Angliýanyň milli ýygyndysynyň goşlary ogurlandy

Angliýanyň milli ýygyndysy ABŞ-da geçiriljek dünýä çempionatynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda sport lybaslarynyň we enjamlarynyň ogurlanmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Britaniýanyň «Daily Mail» gazetiniň ýazmagyna......

13.06.2026 17:07
12k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......

13.06.2026 16:24
7.3k+

DÇ-niň 2-nji gününiň jemleri: ilkinji deňlik, ilkinji awtogol we ilkinji uly hasaply ýeňiş

Futbol boýunça Dünýä çempionatynda ikinji oýun gününiň duşuşyklary tamamlandy. Janköýerler bu gezek turniriň ilkinji deňme-deň netijesini, ilkinji awtogola we toparlaryň biriniň uly hasaply ýeňşine şaýat......