NYT: Tramp kasam kabul ediş dabarasy üçin rekord 200 mln dollar toplady

  • 07.01.2025 22:17
  • 12k+

Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanandan soň Donald Tramp öz kasam kabul ediş dabarasy üçin 200 million dollardan gowrak haýyr-yhsan toplady diýip, New York Times ýazýar.

Şol bir wagtyň özünde gazet çeşmelere salgylanyp, Trampyň kasam kabul ediş dabarasy bilen meşgullanýan diňe bir komitetiň donorlardan azyndan 150 mln dollar ýygnandygyny we bu mukdaryň 20-nji ýanwardaky çärä çenli ýene artyp biljekdigini belleýär.
Deňeşdirmek üçin, öňki kasam kabul ediş dabarasy üçin Tramp 107 mln dollar ýygnapdy.
Uly pul mukdarlary Pfizer, OpenAI, Amazon, Meta, Microsoft ýaly kompaniýalaryň we kriptowalýuta firmalarynyň ýolbaşçylaryndan geldi. Tramp olaryň köpüsine amatly iş şertlerini wada berdi.

“Bu donorlaryň ikinji prezidentlik möhletiniň öňüsyrasynda Trampyň gowy garaýşyny gazanmak üçin edýän tagallalaryny görkezýär” – diýip, NYT ýazýar.

Inaugurasion komitetler şahsy adamlardan we korporasiýalardan çäksiz goşantlary kabul edip bilýär, ýöne daşary ýurtly raýatlardan däl. Uly korporasiýalar eýýäm köpden bäri täze administrasiýa bilen işleşmäge we geljekki Prezidentiň partiýasyna garamazdan, häkimiýetiň demokratik geçişini goldamaga taýýardyklaryny görkezmek üçin inaugurasion gaznalara serişde bagyş edýär.
Belläp geçsek, ABŞ-da ýakynda geçiriljek kasam kabul ediş dabarasy 30-njy dekabrda 100 ýaşynda aradan çykan ýurduň öňki Prezidenti Jimmi Karteriň hatyrasyna ilkinji gezek baýdaklaryň aşak goýberilmegi bilen geçiriler.


19.06.2026 19:47
1.1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......