“Milan” “Inter” bilen oýunda 0:2-den soň kambek edip, Italiýanyň Superkubogyny gazandy

  • 07.01.2025 08:43
  • 6.2k+

“Milan” Italiýanyň Superkubogy ugrundaky oýunda “Interi” utdy. Final oýny Er-Riýaddaky (Saud Arabystany) “Al-Awwal Park” stadionynda geçirildi we “Milanyň” peýdasyna 3:2 hasabynda tamamlandy.

Oýunda “rossoneriler” “Interden” 0:2 hasabynda utulýardy, ýöne kambek etmegi başardy.
Oýnuň birinji ýarymy goşulan minutda (45+1) Lautaro Martinesiň goly bilen tamamlandy. Eýýäm ikinji ýarymyň başynda, 47-nji minutda Mehdi Taremi “Interiň” artykmaçlygyny iki esse artdyrdy. Ýöne “Milan” derrew oýna gaýdyp geldi: Teo Ernandes 52-nji minutda jerime urgusyny geçirdi, 80-nji minutda bolsa hasaby deňlän Kristian Pulişiçe assist berdi. 94-nji minutda aýgytly goly Rafael Leaonyň topy geçirmeginde Temmi Abraham girizdi – bu oýunçylaryň ikisi-de meýdança ikinji ýarymda çykdy.
“Milan” üçin bu 2016-njy ýyldan bäri Superkubokda ilkinji we taryhda sekizinji ýeňiş boldy. Şeýlelikde, klub ýaryşda gazanylan kuboklaryň sany boýunça “Inter” bilen deňleşdi. Iň köp kubok “Ýuwentusda” – 9 ýeňiş.
Topar täze tälimçi Seržiu Konseýsauwyň ýolbaşçylygyndaky ilkinji iki oýunda yzygider iki möhüm kambeki ýerine ýetirdi – mundan öň Superkubogyň ýarym finalynda topar “Ýuwentus” bilen oýunda utdy.
“Inter” ýeňiş gazanan ýagdaýynda yzygider dördünji ýyl Superkubogy alan ilkinji klub bolup bilerdi. Tälimçileriň arasynda ýaryşda ýeňiş sany boýunça rekord eýesi bolan toparyň baş tälimçisi Simone Indzagi bäş titul bilen galdy.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......