Hyundai täze Creta krossowerini hödürledi

  • 07.01.2025 01:30
  • 4k+

Hyundai Motor-yň Hindistandaky şahamçasy meşhur Creta krossoweriniň täze görnüşini hödürledi. Creta Electric görnüşi setirdäki ilkinji doly elektrikli ulagdyr.

Awtoulag bary-ýogy 7,9 sekuntda 100 km/sag tizlige çykýar.
Öndüriji entek hereketlendirijiniň kuwwatyny we tekerleri doly hereketlimi-dälmi, bu baradaky maglumatlary aýan etmedi. Emma käbir häsiýetnamalary belli. Esasy wersiýasy 390 km-e çenli ýöreýiş ätiýaçlygyny üpjün edýän 42 kWt batareýa bilen enjamlaşdyrylandyr. Ýokarky wersiýasy 51,4 kWts batareýa bilen 473 km-e çenli ýöreýiş ätiýaçlygyny hödürleýär. Batareýasynyň çekijiliginiň kepili haýran galarlykly 8 ýyl ýa-da 160 000 km.
Täze elektrik krossoweriniň aerodinamiki 17 dýuýmlyk tigirler, tutuş LED optika we sanly gural paneli bilen bezelen görnükli dizaýny bar. Alyjylara dört sany bezeg derejesi (Executive, Smart, Premium we Excellence) we korpusynyň, iki reňkli görnüşini hem goşmak bilen, on reňk görnüşi hödürlener.
Hereketlendirijisiniň güýjüni we bahasyny hem goşmak bilen, doly tehniki häsiýetnamasy 16-njy ýanwarda Hyundai Creta Electric-yň köpçülige ilkinji hödürleniş dabarasynda yglan ediler.


26.05.2026 10:00
3.8k+

Hyundai awtoulaglary üçin sanly “örtükleri” satmaga başlady

Hyundai awtoulag eýelerine multimediýa ulgamy üçin sanly temalara elýeterliligi açdy, ilki bilen 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan mugt wersiýadan başlady....

23.05.2026 20:38
4.7k+

Tata dünýäniň iň arzan awtomobilleriniň biriniň täzelenen görnüşini çykardy

Hindistanyň Tata kompaniýasy dünýäniň iň elýeterli modelleriniň biri hasaplanýan Tiago hetçbeginiň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy. Awtomobiliň doly göwrümli resmi premýerasy 28-nji maýda meýilleşdirilýär....

22.05.2026 06:05
4k+

Hyundai täzelenen Grandeur sedanyny tanyşdyrdy

Hyundai kompaniýasy Günorta Koreýanyň bazarynda täzelenen flagman sedany bolan Grandeur-y tanyşdyrdy. Bu model 2022-nji ýylyň ahyrynda nesil çalşanyndan bäri ýerli bazarda iň köp satylýan bäş awtomobiliň......

08.05.2026 16:04
4.1k+

Hyundai mehanikany küýseýän elektromobil sürüjileri üçin geçiriş gutusyny ornaşdyrar

Hyundai kompaniýasy diňe sport modelleri bilen çäklenmän, eýsem has giň elektrik awtoulag toplumyna N e-Shift atly tizligi çalyşmagyň simulýasiýa (öýkünme) tehnologiýasyny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär....