Kosmonawt seýrek kosmiki hadysany - Aý bilen Saturnyň ýakynlaşan pursadyny surata aldy

  • 07.01.2025 01:24
  • 4.8k+

Roskosmos-yň kosmonawty Iwan Wagner seýrek astronomiki hadysanyň - Aý bilen Saturnyň ýakynlaşan pursadynyň suratyny paýlaşdy. Surat 4-nji ýanwarda Halkara kosmos stansiýasyndan bortundan alyndy diýip, TASS habar berýär.

Suratda Aýyň Saturnyň öňüni ýapýan pursady görünýär. Bu suraty almak üçin Iwan Wagner fokus aralagy 1600 mm bolan obýektiw ulandy.

“Aý bilen Saturny bir kadra sygdyrmaga synanyşyk etmän durup bilmedim. Ahyrsoňy, bolaýdy” - diýip, kosmonawt öz täsirlerini paýlaşdy.

Aý bilen Saturnyň ýakynlaşmasy juda seýrek hadysadyr, sebäbi bu asman jisimleriniň orbitalary gabat gelmeýär. Şonuň üçin hem şeýle kosmiki “duşuşyklar” seýrek ýüze çykýar. Indiki gezek şeýle astronomiki hadysa 2031-nji ýylda bolar.


13.02.2026 07:34
5.9k+

14-nji fewralda «garaşylmadyk myhman»: Ýylyň iň uly asteroidi Ýeriň golaýyndan uçup geçer

Aşyk-magşuklaryň gününde, has dogrusy, 14-nji fewralda Ýeriň golaýyndan ýylyň iň uly asteroidi bolan 162882 (2001 FD58) geçip gider. Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň habar bermegine görä, onuň ölçegi 0,5 kilometrden 1 kilometre çenli diýlip çak edilýär...

11.02.2026 14:40
8.6k+

Ýaponiýanyň asmanynda lowurdap uçup barýan otly şar göründi

Ýaponiýanyň merkezi sebitleriniň asmanynda örän ýiti we lowurdap duran otly şar göründi. Şaýatlaryň köpüsi bu pursady kameralaryna düşürip ýetişdiler. Bu geň waka baradaky maglumatlar ýapon sosial ulgamlarynda derrew ýaýrady we iň köp pikir alşylýan temalaryň birine öwrüldi...

26.01.2026 15:29
7.1k+

Asyryň iň dowamly Gün tutulmasy 6 minuda çeker: oňa haçan garaşmaly?

2027-nji ýylyň 2-nji awgustynda Günorta Ýewropanyň, Demirgazyk Afrikanyň we Ýakyn Gündogaryň käbir sebitlerinde Günüň doly tutulmasy bolar. Iň ýokary tapgyrda Aý Günüň ýüzüni 6 minut 23 sekuntlap ýapar. Astronomlaryň çaklamalaryna görä, bu iň azyndan 2114-nji ýyla çenli gury ýerde synlap boljak iň dowamly doly Gün tutulma bolar» diýip, Ecoticias neşiri ýazýar...

21.01.2026 10:08
5k+

Illýuminatory çat açan hytaý kosmos gämisi Ýere ekipažsyz gaýdyp geldi

Hytaýyň «Şençžou-20» kosmos gämisi 2026-njy ýylyň 19-njy ýanwarynda Ýere ekipažsyz üstünlikli gaýdyp geldi – kapsula Içki Mongoliýanyň Dunfen sebitinde boş gondy. Bu barada South China Morning Post habar berýär...