Ford ýangyç nasoslarynda kemçilikler sebäpli 300 müň töweregi pikabyny yzyna çagyrdy

  • 07.01.2025 01:21
  • 3.1k+

Amerikanyň Ford awtoulag öndürijisi ýangyç nasoslarynda ýüze çykyp biljek  kemçilikler sebäpli 300 müň töweregi Super Duty pikaplaryny yzyna çagyrýandygyny yglan etdi diýip, Motor1 habar berýär.

2020-2022-nji ýyllarda goýberilen, 6,5 litrlik dizel hereketlendirijileri bilen enjamlaşdyrylan 295 449 sany Super Duty pikaplary kemçilikli bolup çykdy. Ýangyç nasoslarynda ýüze çykyp biljek näsazlyk hereketlendirijiniň güýjüniň peselmegine sebäp bolup biler.
Mesele köne ýangyç sebäpli nasoslarda çökündileriň emele gelmegi bilen baglanyşykly, bu esasanam uzak wagtlap sürülmedik awtoulaglara degişlidir.
Ford bu meseläni nasoslary çalyşmagyň ýerine, sowadyşy gowulandyrjak we çökündileriň emele gelmeginiň öňüni aljak programma üpjünçiligini täzelenmek arkaly çözdi. Kompaniýa 2021-nji ýylda nasoslary täze wersiýa bilen çalşandygyny belleýär, ýöne mesele barybir çözülmän galýar.
Yza çagyryş F-250, F-350, F-450, F-550, F-600 we käbir F-650 we F-750 modellerine degişlidir. Kemçilik bilen baglanyşykly ýol heläkçiligi ýa-da şikes alma bellige alynmady diýip, Ford mälim etdi.
Duýduryş haty söwda dellallaryna eýýäm iberildi, awtoulag eýeleri habary 13-nji ýanwardan başlap alarlar.
Ford geçen ýyly 4 777 161 ulaga täsir eden 67 yzyna çagyryş bilen tamamlandy. Bu 2023-nji ýyldaka garanda 13 çagyryş köp, ýöne täsir eden ulaglaryň sany 1,6 million azaldy.


düýn 15:49
3k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
2.7k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....

27.04.2026 19:03
3.5k+

Ford Mustang-y dört gapyly sedana öwürmek isleýärler

Ford meşhur Mustang-yň dört gapyly wersiýasyny işläp düzýär. Ol 2028-nji ýyla çenli, ähtimal, Mach 4 ady bilen satuwa çykarylyp bilner....