Aziýanyň Kubogy-2027-niň saýlama tapgyrynda Türkmenistanyň duşuşyklarynyň tertibi belli boldy

  • 06.01.2025 11:55
  • 10k+

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýanyň Kubogy-2027-niň saýlama tapgyrynda çykyşlaryny myhmançylykda Hytaý Taýbeýine garşy duşuşykdan başlar. Duşuşyk 2025-nji ýylyň 25-nji martynda geçiriler.

Bije çekişligiň netijeleri boýunça her biri dört ýygyndydan ybarat alty topar emele geldi. Türkmenistan "D" toparda çykyş eder. Bu toparda Mergen Orazowyň şägirtleri ýollanma ugrunda Tailandyň, Hytaý Taýbeýiniň we Şri-Lankanyň ýygyndylary bilen bäsleşer.
Her topar alty duşuşyk geçirer, 3-si öz meýdançasynda, 3-si myhmançylykda. Türkmenistan 2025-nji ýylda 5 duşuşyk geçirer, jemleýji duşuşygyny 2026-njy ýylyň 31-nji martynda mynmançylykda Tailanda garşy geçirer.
Saud Arabystanynda geçiriljek Aziýanyň Kubogy-2027-niň jemleýji tapgyrynda çykyş etmek hukugyna her alty toparyň diňe ýeňijileri eýe bolar.
Aşakda Türkmenistanyň milliu ýygyndysynyň "D" toparda geçirjek duşuşyklarynyň tertibi getirilýär:

Tapgyr

Sene

Duşuşyk

Geçiriljek ýeri

1

25-nji mart, 2025

Hytaý Taýbeýi – Türkmenistan

myhmançylykda

2

10-njy iýun, 2025

Türkmenistan – Tailand

öýde

3

9-njy oktýabr, 2025

Şri-Lanka – Türkmenistan

myhmançylykda

4

14-nji oktýabr, 2025

Türkmenistan – Şri-Lanka

öýde

5

18-nji noýabr, 2025

Türkmenistan – Hytaý Taýbeýi

öýde

6

31-nji mart, 2026

Tailand – Türkmenistan

myhmançylykda

 


düýn 15:52
6.1k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.6k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......

04.06.2026 23:02
3.8k+

Alibaba bilen hyzmatdaşlyk UEFA-nyň hemaýatkärlik girdejilerini ýylda 1 milliard ýewro çenli ýokarlandyrar

Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) Hytaýyň Alibaba Group tehnologiýa holdingi bilen maksatnamalaýyn ylalaşyga gol çekdi. 2033-nji ýyla çenli möhletli bu şertnama guramanyň ýyllyk hemaýatkärlik......

04.06.2026 00:17
9.4k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......