Çykdajylary 2 mlrd-a golaýlady, deslapky sargytdan 1 mlrd-a garaşylýar: GTA VI rekordlary goýup biler

  • 06.01.2025 12:07
  • 9k+

Rowaýata öwrülen meşhur "Grand Theft Auto" franşizasynyň täze bölümi diňe bir oýunçylaryň arasynda däl, eýsem, bazar seljerijileriniň arasynda-da görlüp-eşidilmedik gyzyklanma döredýär. Oýnuň altynjy bölümi oýun pudagynda birnäçe rekord goýsa gerek. Ol hatda Golliwudyň blokbasterleriniň üstünliginden hem ozduryp biler diýip, Financial Times gazeti habar berýär.

Hünärmenleriň berýän maglumatlaryna görä, GTA VI-ny döretmek üçin býujet çykdajylary eýýäm 2 milliard dollara golaýlap, taryhdaky iň gymmat oýun boldy. Deňeşdirmek üçin, hiç bir oýnuň býujeti, hatda 1 milliard dollara hem golaýlamandy.
Çaklamalara görä, deslapky sargytlar, entek oýun resmi taýdan bildiriş  edilmänkä, Rockstar Games kompaniýasyna, takmynan, 1 milliard dollar girdeji getirer diýip garaşylýar. Bilermenler oýnuň ilkinji ýylynyň umumy girdejisiniň 3,2 milliard dollar bolmagyna garaşýarlar. Şeýle san GTA V-iň görkezijilerinden iki esseden hem köpdür.
GTA VI-nyň üstünligi “Tapmaça 2” (1,7 milliard dollar) multfilmi we “Dedpul we Rosomaha” filmi (1,3 milliard dollar) ýaly, geçen ýylyň iň meşhur kino premýeralaryndan hem öňe geçip biler.
Oýny 2025-nji ýylyň güýzünde goýbermek meýilleşdirilýär. Ol PS5 we Xbox Series konsollarynda çykar. Täze önüm eýýäm Rockstar Games-iň iň iri bäsdeşlerini bildirişlerini yza süýşürmäge iterdi: her kim bäsdeşlikden gorkýar.
Hünärmenler GTA VI-nyň çykarylmagynyň oýun pudagy üçin möhüm waka boljakdygyna ynanýarlar. Sarp edijileriň wideo oýunlaryna we mazmuna edýän çykdajylary 2025-nji ýylda 2,2% ösüp, 195 milliard dollara ýeter diýlip çaklanylýar. Şeýlelik bilen, GTA VI diňe bir oýunda täze standartlary kesgitlemän, eýsem pudagyň ösmegine hem möhüm goşant goşjakdygyny wada berýär.

düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
812

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
3.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......