Huawei hemra aragatnaşygy bolan iň arzan smartfony hödürledi

  • 06.01.2025 11:27
  • 4.2k+

Huawei kompaniýasy öz baha kategoriýasy üçin özboluşly funksiýalary, şol sanda hemra aragatnaşygyny hödürleýän orta aralykdaky Enjoy 70X smartfonyny hödürledi diýip, Vmall habar berýär.

Gurluş gyssagly tekst habarnamalaryny we suratlary ibermäge mümkinçilik berýär, ýöne bu aýratynlyk diňe Hytaýda elýeterlidir, sebäbi onuň işlemegi üçin Beidou kosmos ulgamy ulanylýar.
Smartfon gyralary egri, durulygy FHD+ we täzelenme ýygylygy 120 Gs bolan 6,78 dýuýmlyk OLED displeýi bilen üpjün edildi. Displeýiň ýokarky böleginde 8 MP frontal kamera, ekranyň aşagynda bolsa barmak yzyny skanerleýji ýerleşýär. Yzky panelde RYYB sensorly 50 MP esasy kamera we 2 MP kömekçi çuňluk datçigi ýerleşdirilen.
Smartfony öçürip ýakmak üçin niýetlenen düwmäniň aşagynda ýerleşdirilen goşmaça “X” klawişi programmalara we funksiýalara çalt girişi sazlamaga mümkinçilik berýär.
Huawei Enjoy 70X öndürijiligi boýunça Snapdragon 695 bilen deňleşip biljek Kirin 8000A 5G prosessory bilen işleýär. Gurluş HarmonyOS 4.2-ni goldaýar, 512 GB içerki ýada we 40 Wt çalt zarýad beriş bilen 6100 mA/sag sygymly uly akkumulýatora eýedir.
Smartfon aýna (gara, ak, gök) we deri (ýaşyl) görnüşlerde hödürlenýär. Bahalar 128 GB ýatly model üçin 1799 ýuandan (246 dollar) 512 GB ýatly wersiýa üçin 2299 ýuana çenli (314 dollar) aralykda üýtgeýär. Smartfon deslapky sargyt üçin Hytaýda eýýäm elýeterli, üpjünçilik bolsa 10-njy ýanwarda başlar.
Enjoy 70X suwdan ýa-da urgudan goragyň resmi şahadatnamasyna eýe däl. Ýöne gorag girewi bolup örän berk öňdäki aýna we gapdal çarçuwa çykyş edýär. Huawei olaryň telefony gaçan ýagdaýynda “göze görünmeýän daşlyk” ýaly goraýandygyny belleýär.


16.01.2026 08:10
3.5k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

31.12.2025 08:10
3.5k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...

29.12.2025 00:24
3.3k+

Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär...

16.12.2025 17:18
2.7k+

Huawei Nova 15 smartfonlarynyň üç modelini yglan etdi we öňünden sargytlary alyp başlady

Huawei kompaniýasy öz onlaýn dükanynda täze Nova 15, Nova 15 Pro we Nova 15 Ultra smartfonlaryny hödürledi. Täze enjamlar üçin Hytaýda 15-nji dekabrda öňünden sargytlar kabul edilip başlandy, resmi satuwa çykarylşy bolsa 22-nji dekabrda geçiriler...