Samsung "Galaxy A16 5G-niň" satuwynyň başlanýandygyny habar berdi

  • 05.01.2025 22:53
  • 6.6k+

2025-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda ABŞ-da täze Samsung Galaxy A16 5G satuwa çykarylar. Elýeter bahaly täze smartfon 199 dollardan satylar. Amerikaly alyjylar üçin bonuslar hödürlener.

Täze smartfon bazardaky iň elýeter bahaly 5G smartfonlarynyň biri bolar.
Galaxy A16 5G  FHD + durulygy, 90Gs täzelenme tizligi we 800 nite çenli ýagtylygy bolan 6,17 dýuýmlyk AMOLED displeý bilen enjamlaşdyrylan. Smartfon Nigeriýa üçin wersiýasynda ulanylan MediaTek Dimensity 6300-den tapawutly Exynos 1330 prosessory bilen işleýär. Enjam Android 14 bilen gelýär, Samsung 6 OS täzelenmesini we 6 ýyl howpsuzlygy kepillendirýär.
Esasy kamera üç moduly öz içine alýar: 50 MP, 5 MP (ultra giň) we 2 MP (makro). Öňki kameranyň durulygy 13 megapiksel. Beýleki häsiýetnamalaryna 25W çalt zarýad bermegi goldaýan 5000 mAs sygymly batareýa, IP54 gorag, NFC we gapdalda ýerleşen barmak yzy skaneri girýär. Smartfonda öňki Galaxy A15 5G modelinde bolşy ýaly, audio kese kesigi ýok.
ABŞ-da alyjylar Samsung TV Plus hyzmatyna elýeterlilik, şeýle hem YouTube Premium-a iki aýlyk we Peacock-a üç aýlyk abuna alyp bilerler. Galaxy A16 5G Blue Black we Light Gray reňklerde bolar.
Smartfon satyn alanyňyzda, Samsung täze Galaxy Fit 3 fitness-trekere 50% arzanladyş hödürleýär.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...