Ýediň biri: Seýrek Koenigsegg Agera X giperkary auksionda 2,4 million dollara satuwa çykaryldy

  • 05.01.2025 13:55
  • 11k+

2025-nji ýylyň 4-nji fewralynda RM Sotheby's auksion öýi seýrek Koenigsegg Agera X giperkaryny satuwa çykarar. Bu awtoulag goýberilen ýedi nusganyň biri bolup, 2011-nji ýylda ýörite nemes kollektory üçin çykaryldy.

Lotuň soňky bahasynyň 2,4 million dollar bolmagyna garaşylýar.
Agera 2010-njy ýylda hödürlenip, 950 at güýjüni öndürýän bäş litrlik V8 hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr. Geçiriş gutusy ýedi tizlikli goşa ssepleniýalydyr.
Auksiona çykjak “X” wersiýasynda “Formula 1-iň” awtoulaglaryndan ylhamlanan iki ýarysly yzky spoýler we özboluşly setin örtükli uglerod süýmünden ýasalan  korpusy bar. Bu şeýle bezegli ilkinji Koenigsegg awtoulagydyr.
Giperkaryň salonynyň hem öz taryhy bar: başda ol ak deriden edilipdi, ýöne 2020-nji ýylda gyzyl tikinli gara deri we alkantara çekdirilip gaýtadan tikildi. Oturgyçlar markanyň gelip çykyşyna hormat hökmünde Şwesiýanyň baýdagynyň reňkleri bilen bezelen.
20 000 kilometrden gowrak ýol geçendigine garamazdan, Agera X ajaýyp ýagdaýda saklanypdyr. Eýesi ýaňy-ýakynda Koenigsegg-iň Mýunhendäki resmi merkezinde awtoulagy tehniki hyzmatdan geçiripdir, bu bolsa ulagyň ulanmaga taýýardygyny tassyklaýar. 2,4 million dollarlyk diýip goýlan baha soňky ýyllarda auksionda hödürlenen beýleki Koenigsegg modelleriniň bahasyna laýyk gelýär.

düýn 10:58
2.8k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

17.06.2026 10:28
1.2k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 09:57
5.6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

16.06.2026 07:52
4k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......