Toyota "Hilux Travo" haryt nyşanyny patentledi. Bu pikabyň 9-njy nesli bolsa gerek

  • 05.01.2025 13:18
  • 9.8k+

Toyota Tailandyň intellektual eýeçilik bölüminde Hilux Travo haryt nyşanyny patentledi. Bu ygtybarlylygy we köp taraplylygy bilen tanalýan meşhur pikap awtoulagynyň dokuzynjy nesliniň taýýarlanýandygyna şaýatlyk edip biler diýip, Headlightmag belleýär.

Tailandda Hilux-yň her gezek gaýtalanmasy adatça öz adyny alýar. Mysal üçin, sekizinji nesil Hilux Revo, ýedinji nesil bolsa Hilux Vigo diýlip atlandyrylýar. Beýleki ýurtlarda pikap üýtgemeýän Hilux ady bilen satylýar.
Deslapky maglumatlara görä, täze nesil çarçuwa gurluşyny saklar, ýöne tehniki taýdan täzelener. Öň we yz bölekleriniň dizaýnynyň gaýtadan işlenmegine garaşylýar, şol bir wagtyň özünde kabinasy we gapdal panelleri öňküligine galar.
Esasy häsiýetnamalary şulardan ybarat:

  • häzirki modelinde eýýäm bar bolan ýumşak gibrid ulgamly 2,8 litrlik dizel hereketlendirijisi;
  • bazara baglylykda, Ýewro-5 we Ýewro-6 standartlaryna laýyk gelýän benzin we dizel hereketlendirijili modifikasiýalar;
  • 2025-nji ýylyň ahyryna çenli Tailandda köpçülikleýin öndürip başlamak meýilleşdirilýän pikapyň doly elektrik görnüşi.

Hilux-yň häzirki nesli 2015-nji ýylda peýda bolupdy we birnäçe gezek täzelendi, şol sanda 2024-nji ýylda awtoulag täze bamper we radiator gözenegini aldy.


düýn 14:05
3.5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

düýn 08:16
2.5k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
4.9k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......