Geljegiň ýol-ulag hadysasy: ABŞ-da robotaksi bilen robot-kurýer çaknyşdy

  • 04.01.2025 22:41
  • 14k+

Los-Anjelesdäki çatryklaryň birinde üýtgeşik ýol-ulag hadysasy bolup geçdi – robotaksi bilen robot-kurýer çaknyşdy. Bu maşynlary dolandyrýan kompaniýalar heläkçiligiň sebäplerini derňeýärler. Hadysanyň netijesinde hiç kim zyýan çekmedi diýip, TechCrunch belleýär.

Hadysa Täze ýyldan öň bolup geçdi: Waymo kompaniýasynyň robotaksisi öwrümde Serve Robotics kompaniýasynyň robot-kurýerini kakdy. Kurýer Günbatar Golliwudda köçäni kesip geçip, ýanýoda çykmaga synanyşdy. Şu pursat öwrümden Waymo taksisi çykyp, çaknyşyk bolup geçdi.
Wideonyň awtory, kadrlardan aňşyrmak kyn bolsa-da, robot-kurýeriň köçäni gyzyl yşykda kesip geçendigini aýdýar. Robotlaryň ikisi-de zyýan çekmedi we bir minutdan hereketi dowam etdirdi.
Serve Robotics munuň robot-kurýerleriniň robotaksi bilen ilkinji çaknyşma hadysasydygyny habar berýär. Hadysa wagtynda kurýer dispetçer tarapyndan uzak aralykdan dolandyrylýardy, bu bolsa hereketli çatryklardan geçmek üçin kompaniýanyň düzgünleri tarapyndan göz öňünde tutulandyr.
Waymo kompaniýasy taksiniň bort kompýuteriniň kurýeri jansyz predmet hökmünde kabul edendigini, şonuň üçin çaknyşykdan gaçmak režiminiň ýokary seresaplylyga sazlanmandygyny belledi. Muňa garamazdan, robotaksi derrew saklandy we urgy 6 km/sag-dan gowrak tizlikde bolup geçdi, bu hem zeper ýetmeleriň öňüni almaga mümkinçilik berdi.
Kompaniýalaryň wekilleri hadysany ara alyp maslahatlaşmak we geljekde şeýle hadysalaryň öňüni almak üçin aragatnaşyk saklaýar. Köçelerde robotlaşdyrylan ulaglaryň sany artýar, şonuň üçin şeýle ýol-ulag hadysasy aýratyn ünsi talap edýär diýip, hünärmenler belleýär.


düýn 19:53
1.1k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
6.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......