Volkswagen 800 müň awtoulag eýeleriniň maglumatlarynyň syzmagyna ýol berdi

  • 03.01.2025 19:18
  • 6.3k+

Volkswagen awtoöndürijisi Volkswagen, Audi, Seat we Skoda markaly elektromobilleriň 800 müňden gowrak eýesiniň maglumatlary syzandan soň dawanyň merkezine düşdi. Näsazlyk 2024-nji ýylyň tomsunda Amazon bulut infrastrukturasynda maglumatlaryň nädogry saklanmagy sebäpli ýüze çykdy diýip, Kod.ru habar berýär.  

Syzdyrylan maglumatlar geolokasiýany, akkumulýatoryň ýagdaýyny we awtomobiliň iş ýagdaýyny öz içine alýardy. 466 müň hadysada geomaglumatlar eýeleriň işjeňliginiň jikme-jik profilini döretmäge mümkinçilik berdi. Bu hadysadan zyýan çekenleriň arasynda syýasatçylar, telekeçiler, polisiýa işgärleri we ähtimal, ýörite gulluklaryň işgärleri hem bar.
Şeýle gowşaklygy garaşsyz bir hünärmen anyklap, bu barada Chaos Computer Club assosiasiýasyna habar berdi. Gurama düzgünleşdiriji edaralara, şol sanda Germaniýanyň IIM-ine we Aşaky Saksoniýanyň maglumatlary goramak boýunça ygtyýarly edarasyna duýdurdy.
Näsazlyk Volkswagen Group-yň programma üpjünçiligini işläp taýýarlamaga jogap berýän Cariad golçur kompaniýasy tarapyndan dessin düzedildi. Kompaniýa müşderileriň maglumatlaryna kesekileriň elýeterliligini blokirledi we müşderileriň parollarynyň hem töleg maglumatlarynyň goraglydygyny aýtdy.
Waka germaniýaly syýasatçylar tarapyndan tankytlara sebäp boldy, olar awtomobil pudagynda maglumatlary goramak çärelerini güýçlendirmegi talap etdiler.


21.06.2026 16:05
3.9k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

14.05.2026 11:11
4.7k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....

13.05.2026 09:33
7.7k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

06.05.2026 08:17
1.8k+

Volkswagen önümçiligini ýylda ýene bir million ulaga çenli azaltmak meýli barada yglan etdi

Volkswagen konserniniň ýolbaşçysy Oliwer Blýume 2028-nji ýyla çenli Ýewropada önümçilik möçberini ýylda takmynan ýene bir million awtomobil azaltmak meýilnamasynyň bardygyny mälim etdi. Bu çäre amaly......