NASA Ýupiteriň hemralarynyň ummanlarynda ýaşaýyş gözlemek üçin suwasty robotlary taýýarlaýar

  • 03.01.2025 11:07
  • 5.8k+

NASA Ýupiteriň, Ýewropa ýaly, buzly hemralarynyň ummanlarynyň düýbüni öwrenmek üçin ýüzýän robotlary döretmegiň üstünde işleýär. Alymlar olarda Ýeriň ähli ummanlarynyň jemi suwundan hem köp suwuk suwuň bardygyny öňe sürýärler diýip, Telegraph neşiri ýazýar.

Mundan başga-da, Ýewropa deňizleri gyzdyryp, möhüm iýmit maddalaryny garyşdyryp we ýaşaýşyň ösmegine goldaw berip biljek geologiki işjeňligiň alamatlaryny görkezýär.
Missiýanyň meýilnamasyna buzy eredip ötük döretjek krioboty ulanyp, robotlary buz gatlagynyň astyna eltmegi göz öňünde tutýar. Kindiwanja robotlar barlag geçirmek üçin ummanda ýerleşdiriler. Olaryň nusgalary eýýäm Kaltehde synagdan geçirildi we oňat hereket edip bilýändiklerini görkezdi.


Takmynan, 42 sm ululykdaky her bir robot suwuň temperaturasyny, basyşyny we himiki düzümini ölçemek üçin datçikler bilen enjamlaşdyrylandyr. Geljekde olaryň ululygy, optimal hereket edip bilmekleri üçin, üç esse kiçeldiler. Robotlar maglumatlary kriobot arkaly gonuş modulyna, soňra bolsa Ýere geçirer.
Şeýle hem, NASA 2030-njy ýylda Ýewropa ýetjek Europa Clipper missiýasynyň maglumatlaryna garaşýar. Eger hemranyň şertleri ýaşaýyş üçin amatly bolsa, ýüzüji robotlar geljekki barlaglaryň esasy guralyna öwrüler.


şu gün 10:53
34

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 15:40
1.7k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 08:02
2.3k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

24.06.2026 07:48
1.6k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....