Barlag: Emeli aň adamlary dolandyryp, olaryň karar kabul edişlerine täsir edip biler

  • 02.01.2025 13:44
  • 3.4k+

Kembrij uniwersitetiniň alymlary emeli aňyň ulanyjylaryň kararlaryny dolandyrmak maksady bilen olaryň niýetleri baradaky maglumatlary ulanyp biljekdigini aýtdy. Bu onlaýn tomaşaçylary manipulirlemäge (dolandyrmaga), söwdada satyn alýan zatlaryndan başlap, syýasy isleglerine çenli täsir edip biljekdigini aýtdy.

Bu hadysa Lewerhalmyň Intellektiň geljegi merkezi (LCFI) tarapyndan geçirilen barlagda ara alnyp maslahatlaşylýan täze “niýet ykdysadyýetiniň” ösmegi bilen baglanyşykly.

“Niýet ykdysadyýetine” “üns ykdysadyýetiniň” yzyndaky tapgyr hökmünde seredilýär, munda sosial ulgamlar ulanyjylary saklap galýar we olaryň üns berýän zadyny mahabat berijilere satýar. Geljekde AI ulanyjylaryň nähili hereket etjekdigini öňünden çaklap,  olaryň özüni alyp baryş we psihologiki maglumatlary esasynda niýetlerini ulanyp biler.
“Onýyllyklaryň dowamynda üns internetiň walýutasy bolupdy. Facebook we Instagram ýaly sosial media platformalary bilen üns alyşmak onlaýn ykdysadyýetiň ösmegine sebäp boldy” - diýip, LCFI-den doktor Jonni Penn belleýär. Emma, ChatGPT ýaly uly dil modellerini (LLM) ulanmak bilen, kompaniýalar ulanyjylary has az çykdajyly “dolandyryp” bilerler.
“Niýet ykdysadyýetinde LLM ulanyjynyň aragatnaşyk ediş depginini, onuň syýasy garaýyşlaryny, söz baýlygyny, ýaşyny, jynsyny, isleglerini we hatda ýaranjaňlyga höwesek häsiýetini hem tygşytly çykdajy bilen ulanyp biler. Bu maglumatlar araçy nyrhlar bilen sazlaşykda goýlan maksada ýetmek mümkinçiligini artdyrar (mysal üçin, filme petek satmakda)” – diýip, barlagda aýdylýar.

Barlagçylar şeýle ýagdaýyň şahsy durmuşyň eldegrilmesizligi we aç-açanlygy babatynda täze kynçylyklary döredýändigini nygtaýarlar.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......