Hyundai çipleri we sürüjisiz ulaglary işläp taýýarlaýan bölümini ýapdy

  • 27.12.2024 18:24
  • 4.1k+

Günorta Koreýanyň Hyundai awtoulag öndürijisi awtoulag çiplerini we awtonom sürüş tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak üçin 2022-nji ýylda döredilen “Ýarymgeçiriji strategiýasy merkezini” ýapdy. Bu barada ITHome habar berýär.

Bölümiň wezipeleri we işgärleri kompaniýanyň gözleg we programma üpjünçiligini ösdürmek bilen meşgullanýan Advanced Automotive Platform (AVP) ýaly beýleki bölümlerine paýlandy.
Merkeziň dargadylmagy bilen onuň ozal Samsung Electronics-de ýerine ýetiriji müdir bolup işlän başlygy Çže Sok Çeniň işden gitmegine sebäp boldy. Ýapylan bölümiň käbir funksiýalaryna indi AVP-iň prezidenti Son Çan Hýon gözegçilik edýär.
Ýarymgeçirijiler merkezi 2029-njy ýyla çenli özbaşdak hereket edýän awtoulaglaryň köpçülikleýin öndürilmegine gönükdirilipdi. Şeýle-de bolsa, Hyundai bazarda Mobileye, Tesla, Nvidia we Qualcomm ýaly oýunçylaryň agalyk etmegi sebäpli, tagallalaryny kompaniýanyň içinde birleşdirmek kararyna geldi.
Häzirki wagtda awtonom hereketlendiriş mümkinçilikleri bolan häzirki zaman awtoulaglarynyň Mobileye ADAS çiplerine ep-esli derejede baglydygy bellendi.


15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.6k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.5k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

26.05.2026 10:00
4.2k+

Hyundai awtoulaglary üçin sanly “örtükleri” satmaga başlady

Hyundai awtoulag eýelerine multimediýa ulgamy üçin sanly temalara elýeterliligi açdy, ilki bilen 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan mugt wersiýadan başlady....