Ford ýolsuz ýerlerden geçip bilýän Ford Expedition Tremor 2025-i hödürledi

  • 24.12.2024 10:28
  • 9.2k+

Ford ilkinji gezek Tremor wersiýasyny öz içine alýan,  Expedition 2025 wnedorožnikleriniň täzelenen hataryny görkezdi. Täze ulag ýolsuz ýerlerde ýokary mümkinçilikleriň we premial rahatlygyň utgaşmasyny hödürleýär diýip, Speedme habar berýär.

Awtoulag işjeň dynç almagy we syýahat etmegi halaýanlar üçin niýetlenendir.
Täze önüm yzky diferensialy elektron gulplanmasy, tekerleri doly hereketlendiriji we wnedorožnigiň rezini goýlan 33 dýuýmlyk tekerler bilen enjamlaşdyrylandyr. Podweskasy goşmaça 2,5 sm göterildi we kapotyň aşagyna 440 at güýjüne eýe bolan 3,5 litrlik V6 hereketlendirijisi oturdyldy.
Salonynda deşikli deriden premial bezegli üç hatar oturgyç bar. Opsiýalaryna gyzdyrylan we şemalladylýan öňdäki oturgyçlar, ikinji hatardaky kapitan oturgyçlary we tokly sazlanýan üçünji hatar oturgyçlar girýär. Multimedia ulgamy 24 dýuýmlyk displeýi, 13,2 dýuýmlyk duýgur ekrany we 22 dinamikli Bang & Olufsen akustikasyny öz içine alýar.
Şeýle hem Ford awtomagistrallarda el degirmän sürmäge mümkinçilik berýän öňdebaryjy BlueCruise adaptasiýa kruiz dolandyryşy bilen enjamlaşdyrdy.
Täze wnedorožnigiň bahasy 81 000 dollardan başlaýar.


19.06.2026 19:45
1.9k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....