Önümçiligi dikeldilen Honda Prelude awtoulagy S+Shift ulgamy bilen üpjün edilen ilkinji model bolar

  • 23.12.2024 14:56
  • 2.9k+

Honda 25 ýyldan soň Prelude sport modeliniň köpçülikleýin önümçiligine gaýtadan başlandygyny habar berdi. Täze önüm indiki ýylyň ahyrynda satuwa çykarylar. Ol kompaniýanyň Honda S+Shift innowasion tehnologiýasyny ulanan ilkinji awtoulagy bolar diýip, ixbt.com ýazýar.

Awtoulag “Civic” we “Accord” modellerinde ulanylýan e: HEV gibrid ulgamy bilen hem üpjün ediler.
S+Shift ulgamy tizlenmede we bu ýagdaýyň dowam edýän wagtynda hereketlendirijiniň tizligini takyk dolandyrmaga hem-de göni üýtgeşmeleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Şonuň bilen birlikde, güýç birikmesiniň işleýşi ulagy dolandyrmagyň lezzetini has-da artdyrýan ses effektlerine hem eýedir.
Täze “Prelude” sport modeli ykjam ölçeglere (4300×1790×1300 mm) hem-de 2575 mm teker bazasyna eýe bolar. Ol gözbaşyny 1978-nji ýyldan alyp gaýdýan önümçiligiň däplerini özünde jemlemek bilen, öňki modellerine garanyňda has sport ähmiýetli boljakdygyna garaşylýar diýip, 
ithome.com habar berýär.
Maglumat hökmünde, “Prelude” awtoulagynyň önümçiliginiň 2001-nji ýylda bes edilendigini ýatladýarys.


29.05.2026 23:38
3.1k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

28.03.2026 13:56
2.3k+

Sony we Honda «Afeela» elektrokaryndan ýüz öwürdiler: onuň üçin eýýäm deslapky töleglerem alnyp başlanypdy

Sony Honda Mobility bilelikdäki kärhanasy «Afeela» elektromobil taslamasynyň ýapylýandygyny yglan etdi. Bu karar Honda-nyň elektrokar ösdürmek baradaky meýilnamalaryna täzeden seretmegi bilen baglanyşyklydyr....

22.03.2026 04:10
2.2k+

Nissan Toyota-nyň mysalyna eýerip, öz Murano modellerini Ýaponiýa ABŞ-dan getirip başlar

Nissan kompaniýasy Amerikanyň Tennessi ştatyndaky zawodda öndürilýän Murano krossowerini Ýaponiýanyň bazaryna ibermek meýilnamasyny yglan etdi. Häzirki wagtda bu model bu ýurtda satylmaýar. Mundan ozal Toyota we Honda kompaniýalary hem meňzeş ädimler barada habar beripdiler...