Casio "MRGB2000JS1A" sagady üçin deslapky sargytlary alyp başlady. Olar bary-ýogy 110 nusgada çykar

  • 22.12.2024 16:58
  • 6.1k+

Casio kompaniýasy ABŞ-da "MRGB2000JS1A" premium sagatlary üçin deslapky sargytlaryň kabul edilip başlanandygyny habar berdi. G-Shock seriýasynyň bu modeli ýapon ussalary Teruhira Kamiýama we Nomura Mamoru bilen hyzmatdaşlykda döredildi.

Sagat birnäçe döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylandyr. Onda smartfona birikmek üçin Bluetooth, wagty awtomatiki sazlaýjy, iki wagt zolagyny görkeziş funksiýasy we Gün şöhlesinden zarýad almak üçin Tough Solar ulgamy bar. Modeliň suwa durnuklylygy 200 metre ýetýär.
Sagadyň korpusy titandan, bileziginde bolsa ýokary berkligi üpjün edýän göwherpisint uglerod (DLC) örtük bar.
Sagadyň bahasy ABŞ-da 8000 dollar. Bu modeliň Beýik Britaniýada 6700 funt sterlinge satylmagyna garaşylýar.
Deslapky sargytlar Casio-nyň resmi web sahypasynda ýa-da meşhur zergärçilik dükanlarynda resmileşdirilip bilner. Bary-ýogy 110 nusgasy öndürildi.

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....