Huawei goşara dakylýan elektronikanyň dünýä bazarynda Apple-den öňe geçdi

  • 22.12.2024 13:26
  • 3.9k+

Hytaýyň Huawei kompaniýasy şu ýylyň üç çärýeginiň jemi boýunça Apple-den öňe geçip, dünýäde goşara dakylýan elektronika bilen iň uly üpjün ediji boldy. Kompaniýa öz bazar paýyny 16,9%-e çenli artdyrdy.

IDC-niň maglumatlaryna görä, Huawei üpjünçiligiň möçberini ýyllyk hasabynda 44,3% ýokarlandyrdy. Kompaniýa müşderilere 23,6 mln akylly sagatlary we fitnes bilezikleri iberdi.
Apple 22,5 mln gurluş bilen ikinji orna düşdi, onuň bazar paýy 16,2%-e deň.
Hytaýyň içerki bazarynda-da Huawei 35,7% paý bilen birinji orny eýeleýär, Apple bolsa dördünji orunda ýerleşýär (7,3%). Amerikan kompaniýasyndan öňde Xiaomi (21%) we BBK (16,9%) bar.
Huawei-niň üstünligi GT5, GT5 Pro we Watch D2 ýaly täze modelleriň çykmagy hem-de lokalizasiýa we dünýä bazarlarynda ilerletme bilen baglanyşyklydyr.
Xiaomi üpjünçiligini 26,5% ýokarlandyryp, dünýä bazarynda üçünji ornuny saklady. Öňdebaryjylaryň bäşligini Samsung we BBK jemleýär.
Şol bir wagtyň özünde, akylly sagatlaryň global bazary 3,8% pese düşdi, bilezikleriň satuwy bolsa 12,7% ýokarlandy.


27.05.2026 15:34
2.7k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.8k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....

19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......