Lýuks brendler kriptowalýuta töleglerini kabul edip başladylar

  • 22.12.2024 13:23
  • 4.9k+

Ýakynda bitkoiniň bahasynyň ep-esli ýokarlanmagyndan soň, lýuks brendler kriptowalýuta arkaly tölegleri girizip başladylar diýip, Reuters habar berýär.

Mysal üçin, Fransiýanyň uniwermaglar ulgamy Printemps öz dükanlarynda bitkoin we Ethereum ýaly kriptowalýutalarda töleg kabul etmek üçin Binance kriptobiržasy we Lyzi maliýe tehnologiýa kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy yglan etdi. Bu Printemps-i Ýewropada kriptowalýuta ulanýan ilkinji söwda ulgamyna öwürýär.
Kriptowalýutalar bilen eýýäm tejribe geçirip gören beýleki brendleriň arasynda LVMH, Gucci, Balenciaga, sagat brendleri Hublot we Tag Heuer hem bar. Lýuks aksessuarlary öndüriji S.T.Dupont Pariždäki iki dükanynda bitkoin kabul edip başlajakdygyny aýtdy.
Şeýle-de, Virgin Voyages kruiz kompaniýasy öz kruiz gämilerinde bir ýyla çenli möhlet bilen ýüzüşe kriptowalýutada tölemek mümkinçiligini hödürledi. Şeýle syýahat üçin abonement 120 müň dollara barabar.
Hünärmenler şeýle özgertmeler kriptowalýutalara bolan gyzyklanmanyň artmagy we kadalaşdyrmalarda mümkin bolan gowşamalar bilen baglanyşykly diýip hasaplaýarlar. Kriptowalýutalaryň ýokary üýtgäp durujylygyna garamazdan, olaryň töleg serişdesi hökmünde ulanylmagy lýuks pudagynda täze trend bolup biler.


25.03.2026 15:47
10k+

Bitkoini ýok etmek üçin dünýädäki suwasty internet kabelleriniň azyndan 72%-ni üzüp çykmaly bolar

Kembrijden alymlar bitkoin kriptowalýutasynyň dürli ulgamlaýyn infrastruktura näsazlyklaryna bolan durnuklylygyny öwrendiler. Olar bitkoin torunyň işiniň düýpli bozulmagy üçin dünýädäki suwasty internet kabelleriniň 72%-den 92%-ne çenlisiniň bir wagtda zeperlenmelidigi baradaky netijä geldiler...

08.02.2026 05:00
5.1k+

Kriptobirža ýalňyşlyk bilen ulanyjylaryna 44 milliard dollar geçirdi

Günorta Koreýanyň Bithumb kriptobiržasy birnäçe minudyň içinde ulanyjylary üçin "mugt pul" çeşmesine, buhgalterleri üçin bolsa "gorkuly düýşe" öwrüldi. Birža her bir ulanyjysyna simwoliki baýrak hökmünde 2000 koreý wonuny (takmynan 1,4 dollar) paýlamagy meýilleşdiripdi...

13.11.2025 11:16
5.2k+

Maýamide bitkoiniň döredijisi Satoşi Nakamotonyň ýadygärligi goýuldy

ABŞ-nyň Maýami şäherinde bitkoiniň döredijisi hökmünde tanalýan Satoşi Nakamotonyň ýadygärligi açyldy. Bu heýkel şu ýylyň 10–12-nji noýabry aralygynda Floridada geçirilen “Cantor Crypto & AI Infrastructure Conference” çäresiniň çäklerinde tanyşdyryldy...

23.05.2025 13:00
14k+

15 ýyl ozal 10 müň bitkoine iki pizza satyn alypdyrlar, şu gün bu mukdara 70 mln pizza düşýär

2010-njy ýylyň 22-nji maýynda amerikaly programmist Laslo Hanes taryhda ilkinji gezek bitkoini haryt satyn almak üçin ulanýar. Ol «Papa John’s-dan» iki pizza üçin 10 müň BTC töläpdi, şol wagt onuň gymmaty bary-ýogy 40 dollar töweregindedi...