UFC-niň çempiony Jon Jons özüni kinoda synady: ol harby filmde surata düşýär

  • 21.12.2024 09:13
  • 13k+

Agyr agramda UFC-niň çempiony Jon Jons özüni täze bir rolda barlap görýär. Söweşiji Golliwudyň harby tematikaly filminiň surata düşürilişine gatnaşýar. Ol sosial ulgamlarda surat we wideo ýerleşdirip, prosesiň perde aňyrsyny görkezdi.

“Ine, bu tejribe! Özümi täze oýunda başlaýan ýaly duýýaryn, ýöne hemişekisi ýaly işlemäge taýýar. Meniň üçin bu uly hormat we höweslendiriji, men öňde boljak zatlara diýseň begenýärin. Bu diňe bir başlangyjy. Iş dowam edýär – hakykatdanam, aýratyn bir zady dörederis. Geljek gaty ýagty görünýär!” – diýip, Jons öz postunda belledi.
“Leýtenant Bouns siziň hyzmatyňyzda” – diýip, 37 ýaşly söweşiji wideoly postuň aşagyna goşdy.

Ýatlap geçsek, noýabr aýynda Jons UFC 309-da Stipe Mioçiçe garşy söweşde ýeňiş gazanyp, çempionlyk guşagyny gorady. Söweş üçünji raundda tehniki nokaut bilen tamamlandy.
“Bounsyň” indiki garşydaşy promouşeniň wagtlaýyn çempiony Tom Aspinall bolup biler.

“2025-nji ýyl, Tom Aspinall bilen Jon Jons. Agyr agramda guşaklary birleşdireliň. Ýöne ýatdan çykarmaň, men Stipe Mioçiç däl. Men düýbünden başga söweşiji. Başarnyklarym başga. Bu güýç, agressiýa, tizlik babatda. Men iki guşak ugrunda. Bu 2025-nji ýylda bolar” – diýip, Aspinall sosial ulgamlardaky sahypasynda ýazdy.


düýn 18:18
2.6k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.4k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......