Modriç “Realyň” taryhynda iň köp titula eýe bolan futbolçy boldy

  • 21.12.2024 09:06
  • 7.2k+

39 ýaşly horwatiýaly ýarymgoragçy Luka Modriç Madridiň “Realy” Yklymara kubogynyň “Paçuka” bilen final oýnunda ýeňiş gazanandan soň, “Patyşalyk klubunyň” taryhynda iň köp titula eýe bolan futbolçy boldy. Ol klubuň düzüminde 28-nji kubogyny gazandy.

Modriç 70-nji minutda Rodrigonyň ornuny çalşyp, meýdança çykdy. Ol gol ýa-da assist bilen tapawutlanmasa-da, onuň häzire çenli klubuň üstünliklerine goşan goşandy oňa klubuň taryhynda kubok sany boýunça absolýut rekord eýesi bolmaga mümkinçilik berdi.
Bu görkeziji boýunça Modriç häzirki wagtda bogun damarynyň şikesinden soň dikelýän “Realyň” sag goragçysy Daniel Karwahaldan (27 kubok) öňe geçdi. Klubuň taryhynda iň köp titully oýunçylaryň üçlügini geçen ýyl kluby terk eden goragçy Naço Fernandes (26 kubok) jemleýär. Dördünji orny birbada “Realyň” öňki iki lideri – Karim Benzema bilen Marselo paýlaşýar. Olaryň ikisiniň hem hasabynda klubuň düzüminde 25 kubok bar.
Modriç “Patyşalyk klubunyň” düzüminde 2012-nji ýyldan bäri çykyş edýär.


şu gün 10:24
2.8k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.4k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.8k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.1k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......