Astro Bot oýunçylar tarapyndan hem PlayStation-da iň gowy oýun diýlip saýlandy

  • 20.12.2024 07:44
  • 2k+

Sony PlaySation blogunyň 1,6 mln okyjysynyň seslerini sanady we netijeleriň esasynda platformada ýylyň iň gowy oýunlaryny kesgitledi. Öňdebaryjy bäş nominasiýada ýeňiş gazanan “Astro Bot” oýny boldy.

Oýun şu aşakdaky kategoriýalarda iň gowusy diýlip atlandyryldy:

  • ·PS5 üçin iň gowy oýun
  • ·Iň gowy çeper ýola goýuş
  • ·Iň gowy audiodizaýn
  • ·DualSense mümkinçilikleriniň iň gowy ulanylyşy
  • ·Elýeterlilik üçin iň gowy mümkinçilikler

Mundan başga-da, “Team Asobi” oýnuny işläp düzüji “Ýylyň studiýasy” diýlip yglan edildi.
Beýleki nominasiýalarda ýeňijiler:

  • ·PS4 üçin iň gowy oýun: Call of Duty: Black Ops 6
  • ·PS VR2 üçin iň gowy oýun: Resident Evil 4 VR Mode
  • ·Iň gowy köp ulanyjyly oýun: Helldivers 2
  • ·Yzygiderli täzelenmeleri bolan iň gowy oýun: Fortnite
  • ·Iň gowy sport oýny: EA Sports FC 25
  • ·Iň gowy üstüni ýetirme: Elden Ring: Shadow of the Erdtree
  • ·Iň gowy gaýtadan çykarylan oýun: The Last of Us Part II Remastered
  • ·Iň gowy indi-oýny: Balatro
  • ·Iň köp garaşylýan oýun: Ghost of Yotei
  • ·Iň gowy täze personaž: Stellar Blade-den Ýewa
  • ·Iň gowy sýužet: Silent Hill 2
  • ·Iň gowy wizual ýerine ýetiriliş: Black Myth: Wukong
  • ·Iň gowy saundtrek: Final Fantasy VII Rebirth

Belläp geçsek, pikir soraşma diňe PlayStation oýunçylarynyň arasynda geçirildi, şol sebäpli taýtllar hem şoňa görä saýlandy.

düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
812

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
3.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......