Afrikada ýylyň iň gowy futbolçysy yglan edildi

  • 19.12.2024 11:59
  • 8.6k+

Afrikada ýylyň oýunçysy hökmünde Italiýanyň “Atalanta” futbol klubunyň we Nigeriýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Ademola Lukman yglan edildi. Futbolçy Afrika Futbol Konfederasiýasynyň baýragy bilen sylaglandy.

CAF Awards 2024 baýragynyň gowşurylyş dabarasy 16-njy dekabrda Marrakeşde (Marokko) geçirildi. Lukman ses berişligiň netijesi boýunça iň gowusy hökmünde saýlandy.
Şeýle-de, baýraga “Braýtonyň” oýunçysy Simon Adingra, Dortmundyň “Borussiýasynyň” hüjümçisi Seru Girassi, “PSŽ-niň” goragçysy Aşraf Hakimi we “Mamelodi Sandunsyň” oýunçysy Ronwen Uilýams dalaş etdi. Şu ýyl, garaşylandygyna garamazdan, sanawa “Liwerpulyň” müsürli hüjümçisi Mohamed Salah we Türkiýäniň “Galatasaraýynda” kärendesine çykyş edýän “Napoliniň” nigeriýaly hüjümçisi Wiktor Osimhen goşulmady.
Geçen möwsümde Ademola Lukman “Atalantanyň” düzüminde ähli ýaryşlarda 45 oýna gatnaşyp, 17 gol geçirdi we dokuz assist berdi.


şu gün 10:24
2.8k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.4k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.8k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.1k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......