The Game Awards-yň ýubileý dabarasy rekord mukdarda tomaşaçylary özüne çekdi

  • 17.12.2024 15:47
  • 3.1k+

The Game Awards 2024 ýubileý dabarasy tomaşaçy gyzyklanmalarynyň öňki ähli rekordlaryny täzeledi. Onuň ýaýlymyna YouTube-da, Twitch-de we X, TikTok ýaly beýleki sosial ulgamlarda bir wagtyň özünde 4 milliondan gowrak adam tomaşa etdi. Dabara resmi kanaldan daşary 1500 kanalda ýaýlyma berildi diýip, Gagadget habar berýär.

Umuman alanyňda, dabara rekord 15,2 mln sagat tomaşa edildi. Şouwyň dowamlylygy tas bäş sagat boldy, muňa garamazdan auditoriýa yzygiderli gyzyklanmany saklady. Tomaşa etmeleriň iň ýokary derejesi “Ýylyň oýny” nominasiýasynda ýeňijiniň yglan edilen wagty boldy.
Tomaşaçylaryň ortaça sany 3,1 mln adam bolup, 2023-nji ýyldaky rekorddan (3,6 mln) birneme yza galdy.
Resmi kanalda treýlerleriň arasynda has köp tomaşa edileni Yakuza döredijileriniň täze oýny Project Century-nyň anonsy boldy. Ýöne ähli kanallary alanyňda The Witcher 4 oýnunyň treýleri öňdebaryjy boldy.
Ýatlap geçsek, baş nominasiýada baýragy Astro Bot ekşen-platformeri aldy. Şol bir wagtyň özünde onlaýn ses berişlikde geýmerler iň gowy oýun hökmünde Black Myth: Wukong ekşenini saýladylar.

düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
812

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
3.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......