Transfermarkt Messiniň bazar bahasyny aşaklatdy

  • 17.12.2024 10:18
  • 10k+

Futbolçylaryň gymmatyna baha bermäge ýöriteleşen Transfermarkt portaly Argentinanyň milli ýygyndysynyň we “Inter Maýami” klubunyň hüjümçisi Lionel Messi barada maglumatlary täzeledi. 37 ýaşly oýunçynyň bazar bahasy indi 20 mln ýewro diýlip hasaplanylýar, öň ol 25 mln ýewrody.

Lionel Messi 2023-nji ýylda Fransiýanyň “PSŽ” klubundan erkin agent hökmünde amerikan klubuna geçdi. Bu döwürde ol 39 oýna gatnaşyp, 34 gol geçirdi we 19 assist berdi.
Messi dünýäniň iň gowy futbolçysyna berilýän “Altyn top” baýragynyň sany boýunça rekord eýesidir. Onuň hasabynda şeýle baýrakdan sekiz sanysy bar.


şu gün 10:24
2.8k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.4k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.8k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.1k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......