Ispan dilini bilmeýän täze zelandiýaly adam skrebbl boýunça Ispaniýanyň çempionatynda ýeňiji boldy

  • 17.12.2024 10:19
  • 6.4k+

Täze zelandiýaly Naýjel Riçards ispan dilini bilmese-de, stolüsti skrebbl (söz düzmek) oýny boýunça Ispaniýanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy. Bu barada The Guardian we Associated Press habar berýär.

Käbir gatnaşyjylar şeýle netijäni “masgaraçylyk” hökmünde kabul etdi, beýlekiler bolsa onuň ýeňşini “manysyzlygyň çür depesi” diýip atlandyrdy, çünki skrebbl boýunça ispan çempionatlarynda şeýle waka ilkinji gezek bolýar. Bäsleşige 20 ýurtdan 150-den gowrak oýunçy gatnaşdy.
Şol bir wagtyň özünde, Riçardsyň ýeňşi onuň kärdeşleri üçin garaşylmadyk waka bolmady. Ol eýýäm bäş gezek iňlis dilinde skrebbl boýunça çempionatlaryň ýeňijisi boldy, şeýle-de fransuz dilini bilmese-de, Fransiýanyň çempiony boldy. Ýaryşlar üçin Riçards sözlükdäki ähli sözleri ýat tutýar.

“Beýlekileriň hem şeýle edip bilmeýändigine düşünip bilemok” – diýip, ol belleýär.

Riçardsyň garşydaşlary onuň bu başarnygyny ykrar edýär.

“Naýjele garşy oýnamak – kompýutere garşy oýnamak ýaly” – diýip, öňki dünýä çempiony Erik Salwador Çuýo belledi.

Onuň aýdanlaryna ikinji orny eýelän Benhamin Olaýsola hem goşulýar. Ol Riçardsy “akyla sygmajak başarnygy” bolan adam diýip atlandyrdy.


27.05.2026 14:36
5.1k+

«Aýyň ahyryna ýetip bilermikäm ýa asyryň ahyryna?»: Ispaniýa energetika öwürilişigi üçin 9 milliard ýewro goýberýär

Ispaniýanyň hökümeti raýatlaryň durmuş şertlerini gowulandyrmak we ýurduň ekologik ýagdaýyny üýtgetmek maksady bilen, täze Durmuş-klimat meýilnamasyny taýýarlady. Taslama laýyklykda, döwlet tarapyndan 9......

25.05.2026 10:37
12k+

Şakira Ispaniýanyň hökümeti bilen salgyt dawasynda ýeňiş gazandy: kazyýet aýdymça €60 milliony yzyna gaýtarmagy borçly etdi

Ispaniýanyň kazyýeti salgyt işi boýunça aýdymçy Şakiranyň peýdasyna çözgüt çykardy we hökümeti aýdymça 60 million ýewro tölemäge borçly etdi diýip, "Rolling Stones" habar berýär....

04.05.2026 12:48
3.9k+

Kiwi guşlary bir asyr gowrak wagtdan soň Wellingtona dolanýarlar

Täze Zelandiýanyň paýtagty Wellingtonda bir asyrdan gowrak wagt mundan ozal by ýerlerden ýitirim bolan kiwi guşlaryny yzyna getirmek boýunça uly maksatnama amala aşyrylýar. Bu taslamanyň çäginde sebitiň tebigy......

14.04.2026 14:55
2.8k+

Meksikanyň sungat işgärleri Frida Kalonyň eserleriniň ýurtdan çykarylmazlygyny talap edýärler

Guardian neşiriniň habar bermegine görä, Meksikanyň 400-e golaý sungat işgäri hökümete açyk hat ýollap, Frida Kalonyň eserleriniň Ispaniýa iberilmeginiň şertlerini aýdyňlaşdyrmagy talap etdi. Medeni......