Mersedes-Benz "Guard 360°" ulgamynyň kömegi bilen ogrulykdan goragy kämilleşdirdi

  • 16.12.2024 22:55
  • 4.9k+

Mersedes-Benz ulagyň ogurlanmagyny has kynlaşdyrýan Guard 360° howpsuzlyk ulgamyny hödürledi. Täze bukja ulag eýelerine ýokary derejedäki goragy hödürlemek bilen, ulagyň ogurlanmagynyň we wandalizmiň öňüni almaga niýetlenen ösen tehnologiýalary öz içine alýar.

Guard 360°-da gorag duýduryşy, ulagyň ýerinden gozgalmagyndan goraýjy, salonyň içindäki göwrüm datçikleri we töweregi 360° dereje ýazga alýan kamerasy bar. Eger ulag döwüp açmaga synanyşylsa ýa-da ulaga urulsa, eýesine ykjam programma arkaly derrew habarnama gelýär. Eger ogrulyk tassyklansa, ulgam ulagyň ýerleşýän ýeri baradaky maglumaty hyzmatdaşy Vodafone Automotive-e we hukuk goraýjy edaralara geçirýär.
Täze ulgamyň ulaga zeper ýeten ýagdaýynda kameralardan suratlary ýazga almak funksiýasy bilen üsti ýetirilýär. Aslynda, bu awtoulagyň töweregindäki bolup geçýän wakalary ýazga alýan wideoregistratordyr.

Bukjanyň bahasy awtoulagyň modeline we komplektasiýasyna baglydyr. Takyk maglumat almak üçin eýelerine resmi söwda dellallary bilen habarlaşmak maslahat berilýär.


20.06.2026 12:20
4.1k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....