Ronaldu türgenlere fiziki taýdan dikelmäge kömek etjek harytlaryň brendini işe girizdi

  • 16.12.2024 10:34
  • 7.2k+

Portugaliýaly futbolçy, “Al-Nasr” saud klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu AVA ady bilen sport harytlarynyň täze brendini hödürledi. Ol täze taslama barada X sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berdi.

“Şu gün meniň A harpynyň – AVA-dygyny aýtjak günüm. Bu meniň beýlekilere organizmini fiziki taýdan dikeltmäge we öndürijiligini ýokarlandyrmaga kömek etmek üçin türgen hökmünde öz tejribämi siňdirýän täze taslamam. Size ýene öňe gitmäge kömek etjek önümler” – diýip, futbolçy ýazdy. Şeýle-de, ol önümleriň katalogy we beýleki maglumatlar bilen tanyşmak üçin brendiň saýtyny hödürledi.

Brend 2004-nji ýylda esaslandyrylan Braziliýanyň Avanutri kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda döredildi.
AVA assortimenti güýçli türgenleşikden we sport ýaryşlaryndan soň çalt dikelmek üçin harytlary öz içine alýar. Önümler sargyt etmek üçin eýýäm elýeterli, ýöne bahalar, ulanyjylaryň pikiriçe, ýeterlik derejede ýokary. Taslama professional türgenlere gönükdirilendir.


şu gün 10:24
2.8k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.4k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.8k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.1k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......