Arabika kofesiniň bahasy ösüşini dowam etdirýär: nobatdaky rekord

  • 14.12.2024 08:59
  • 3.4k+

Arabika kofesi bazarda üpjünçiligiň ýetmezçilik etmeginden howatyrlanmagyň esasynda gymmatlamagyny dowam etdirýär. MarketWatch-yň maglumatlaryna görä, şu hepde Nýu-Ýorkda arabika üçin fýuçersler bir funt üçin 3,461 dollar derejesinde satyldy, bu bolsa 1972-nji ýylda maglumatlar yzarlanyp başlanaly bäri iň ýokary görkezijidir diýip, Interfaks habar berýär.

Hünärmenler güýçli gurakçylyk sebäpli Braziliýadan kofe üpjünçiliginiň azalmagyna garaşýarlar. Şeýle-de, ýaramaz howa şertlerinden zyýan çeken Wýetnamdaky arzan robusta kofesiniň hasyly-da alada döredýär.
Arabikanyň bahasy boýunça öňki rekord 1977-nji ýylda goýuldy we şol wagt hem ýakymsyz howa sebäpli Braziliýada hasylyň ýaramazlaşmagy bilen baglanyşykly boldy.

şu gün 20:14
496

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

şu gün 20:02
262

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

şu gün 19:56
1k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

şu gün 19:53
332

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......