2024-nji ýylda Google-da nämäni köp gözledik: futbol, Liam Peýn ýa-da aýdymlar?

  • 13.12.2024 14:58
  • 3.1k+

Google 2024-nji ýylyň iň belli gözleg soraglaryny mälim etdi. Ulanyjylar, ilkinji nobatda, sporta, kino we aýdym-saza, şeýle-de uly habarlara üns berdiler.

Sport wakalary ilkinji dört orny eýeledi. Futbol boýunça Amerikanyň Kubogy öňdebaryjy boldy, onuň yzyndan Ýewro-2024, kriket boýunça dünýä çempionaty, şeýle-de Angliýa – Hindistan kriket oýny gelýär. Bäşinji orunda oktýabr aýynda aradan çykan One Direction toparynyň agzasy Liam Peýn ýerleşdi.
Gözlegleriň arasynda iň meşhur film “Tapmaça 2” (Головоломка 2) boldy. Şeýle-de, ilkinji bäşlikden orun aldy: “Dedpul we Rosomaha”, “Soltbern”, “Bitljus 2” we “Dýuna: Bölüm 2”. Seriallaryň arasynda “Sugun çagasy” (Оленёнок), “Follaut” (Фоллаут), “Aždarhanyň öýi” (Дом Дракона), “Hiramandi” (Хираманди) we “Sýogun” (Сёгун) öňdebaryjylar boldy.
Iň meşhur aýdym repçi Kendrik Lamaryň “Not Like Us” aýdymy boldy. Onuň yzyndan Black Pink-den Rozeniň we Bruno Marsyň “APT.”, Creepy Nuts-yň “Bling-Bang-Bang-Born”, KSI-niň “Thick Of It” we Sabrina Karpenteriň “Espresso” aýdymy gelýär.
Sazandalardan Pi Diddi, Aşer, Linkin Park, Sabrina Karpenter we Jastin Timberleýk has köp gözlenildi. Aktýorlardan bolsa stendaper Kett Uilýams, Pawan Kalýan, Adam Brodi, Ella Pernell we Hina Han öňdebaryjylar boldy.
Oýunlar kategoriýasynda The New York Times-den Connections söz tapmaçasy agalyk edýär. Has köp gözlenenleriň arasynda onuň yzyndan Palworld, Infinite Craft, Sprunki we Helldivers 2 gelýär.
Ýylyň iň köp gürrüňi edilýän wakasy ABŞ-nyň Prezident saýlawlary boldy. Ilkinji bäşlikde birbada üç tebigy betbagtçylyk – adatdan daşary yssylyk, Amerikadaky “Milton” tupany we Ýaponiýadaky № 10 harasaty orun aldy. Ilkinji üçlüge Pariždäki Olimpiýa oýunlary hem girdi.


düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....