Stokgolmda Nobel baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi

  • 12.12.2024 09:14
  • 3.6k+

10-njy dekabrda Stokgolm filarmoniýasynda Nobel baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Şwesiýanyň patyşasy Karl XVI Gustaw 11 laureaty lukmançylyk, fizika, himiýa, edebiýat we ykdysadyýet ugurlarynda gazanan üstünlikleri üçin diplomlar we altyn medallar bilen sylaglady diýip, TASS habar berýär.

Gutlag çykyşynda Nobel gaznasynyň dolandyryş başlygy Astrid Sýoderberg Widdig ylmyň global meseleleri çözmekde ähmiýetini belledi.

“Ylym, edebiýat we parahatçylyk häzirki çylşyrymly meseleleri çözmegiň dürli ýollaryny hödürleýär, ýöne olaryň ählisi biziň geljegimizi adamzat hökmünde kör ykbalyň çözmeýändigini ýatladýar. Şeýle-de, bu biziň dünýäni üýtgetmäge güýjümiziň ýetjekdigine umyt berýär” – diýip, ol aýtdy.

Şu ýyl fiziologiýa we lukmançylyk ugrunda baýragyň eýeleri mikroRNK-nyň öwrenilişi üçin Wiktor Ambros we Gari Rawkin boldy. Fizika boýunça baýraga emeli neýron ulgamlary gurşawynda işläp taýýarlamalar üçin Jon Hopfild we Jeffri Hinton mynasyp boldy. Himiýa boýunça baýrak beloklaryň gurluşynyň kompýuter modelirlemesi üçin Dewid Beýkere, Jon Jampere we Demis Hassabise berildi.


Edebiýat baýragyny “taryhy şikeslere garşy durýan we adamzat durmuşynyň gowşaklygyny açyp görkezýän baý şahyrana prozasy” üçin günorta koreýaly ýazyjy Han Gan aldy.
Ykdysadyýet boýunça baýraga milletleriň hal-ýagdaýynndaky tapawutlaryň sebäpleriniň öwrenilendigi üçin Daron Ajemoglu, Saýmon Jonson we Jeýms Robinson mynasyp boldy.
Dabara şa maşgalasynyň, hökümetiň we ylmy elitanyň wekilleriniň gatnaşmagynda şäher edarasynda banket bilen tamamlandy.
Belläp geçsek, esaslandyryjynyň profili bolan Nobel medallary 18 karat altyndan taýýarlanýar we olaryň agramy 175 g, ykdysadyýet boýunça baýrak alanlaryňky – 185 g barabar. 1980-nji ýyla çenli medallaryň agramy 200 g çenli bolup, 23 karat altyndan taýýarlanýardy. Eger medal auksiona çyksa, onuň bahasy diňe bir agramy bilen däl, eýsem kime degişlidigi bilen hem kesgitlenýär. Şu ýyl pul baýragy 11 mln şwed kronyna deň boldy (1 mln ABŞ dollaryndan gowrak).


28.01.2026 09:50
2.1k+

Nobel baýragynyň eýesi Kadzuo Isiguronyň «Klara we Güneş» romany ekrana geçirilýär

Režissýor Taýka Waýtiti özüniň «Klara we Güneş» («Клара и Солнце») atly ylmy-fantastiki dramasynyň ýakyn wagtda ekranlara çykjakdygyny mälim etdi. Bu film Nobel baýragynyň eýesi Kadzuo Isiguronyň adybir romany esasynda surata düşürildi...

20.01.2026 10:59
2.5k+

Stokgolmda Nobel merkezi gurlar

Stokgolmda Nobel merkeziniň gurluşygy meýilleşdirilýär. Taslama Germaniýanyň David Chipperfield Architects binagärlik studiýasy tarapyndan Şwesiýanyň Sweco Architects kompaniýasy bilen bilelikde işlenip taýýarlandy...

09.10.2025 18:33
2.6k+

Edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi wengriýaly ýazyjy Laslo Krasnahorkai boldy

Nobel komiteti 2025-nji ýylyň edebiýat boýunça baýragynyň eýesini yglan etdi. Baýragy “apokaliptik elhençligiň möwjän döwründe sungatyň güýjüni tassyklaýan täsirli we öňdengörüjilikli döredijiligi üçin” wengriýaly ýazyjy Laslo Krasnahorkai aldy...

12.09.2025 17:55
9.2k+

Şwesiýadaky batgalykda bäş müňýyllyk “wagt kapsulasy” tapyldy

Şwesiýada arheologlar Gerstabergdäki Ýerna sebitinden uzakda bolmadyk batgalykda taryhdan ozalky predmetler bilen “wagt kapsulasyny” tapdy diýip, Heritage Daily habar berýär. Gazuw-agtaryş işleriniň geçirilen ýerinde agaç pürsünden, paýadan ýasalan desgalar we örülen önümler tapyldy, olaryň ýaşy, takmynan, 5 müň ýyla barabar diýlip hasaplanýar...