Emoji we häsiýet: Gözlegler kimiň köplenç we näme sebäpden "smaýlikleri" ulanýandygyny aýan etdi

  • 10.12.2024 19:22
  • 11k+

Kinseý institutynyň alymlarynyň geçiren gözlegleri emoji muşdaklarynyň ýokary duýgur aňly we ygtybarly adamlaryň görnüşine degişli bolmak ähtimallygyny kesgitlemäge kömek etdi. Şeýle adamlar beýlekiler bilen içgin we berk aragatnaşyk saklamagy başarýarlar. Bu barada “PLoS ONE” žurnalynda habar berilýär.

Emoji häzirki zaman aragatnaşygynyň möhüm bölegine öwrüldi, ýöne onuň ulanylyşynyň psihologiki aýratynlyklar bilen nähili baglanyşygy barada az maglumat mälim.
Gözlegçiler 320 adamyň özüni alyp barşyny seljerip, emojileriň köplenç ýokary duýgur aňly we ygtybarly görnüşi bolan adamlar tarapyndan ulanylýandygyny anykladylar.
Olaryň stilleri üç görnüşe bölünýär: howsalaly, gaça durýan we ygtybarly. Gaçyş stili bolan adamlaryň hyzmatdaşlaryna, dostlaryna emojileri ibermek ähtimallygy az. Emma zenanlar maşgalasy we joralary bilen aragatnaşyk saklanda emojileri erkek adamlardan has ýygy ulanýarlar.
Bu netijeler emojiniň adamyň duýgy we psihologiki aýratynlyklaryny, sosial baglanyşyklaryň hem-de emosional ýagdaýyň görkezijisi bolup biljekdigini görkezýär diýip, vfokuse.mail.ru ýazýar.

düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
812

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
3.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......