Futbol Superligasynyň formaty belli boldy: üç diwizion we 64 topar

  • 10.12.2024 19:01
  • 9.6k+

Superliganyň guramaçylary ýaryşyň formatynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Ilkibaşda oňa Ýewropanyň öňdebaryjy 12 klubunyň gatnaşmagy meýilleşdirilipdi, ýöne Halkara Futbol Federasiýasynyň (FIFA) we Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň (UEFA) basyşy astynda toparlaryň köpüsi taslamadan çykdy, diňe Madridiň “Realy” we Kataloniýanyň “Barselonasy” galdy.

Mundo Deportivo neşiriniň maglumatlaryna görä, indi guramaçylar ýaryşy üç diwiziona bölmegi teklip edýärler. Ýokarky (“Ýyldyz”) diwiziona öňdebaryjy 5 ligadan 16 topar, şeýle-de Portugaliýadan we Niderlandlardan güýçli toparlar gatnaşmaly.
Ikinji (“Altyn”) we üçünji (“Gök) diwizionlar, degişlilikde, 16 we 32 topary öz içine alar.
Her ýyl üçünji diwiziondan 20 topar çykar. Güýçli milli ligalaryň çempionlaryna, hatda olar taryhy taýdan uly klublaryň hataryna degişli bolmasa-da, “Ýyldyz” diwizionynda ýer bermek mümkinçiligi maslahatlaşylýar.
Ýokarky diwizionyň toparlaýyn tapgyry her birinde sekiz topar bolan iki toparçadan ybarat bolar. Pleý-off tapgyrynda iki oýundan ybarat çärýek we ýarym finallary, şeýle-de bir oýun görnüşinde final geçirmek meýilleşdirilýär. Guramaçylar oýunlaryň sanyny 19-dan 17-18-e çenli azaltmagy göz öňünde tutýarlar.
Ähli oýunlary milli çempionatlar bilen deň gelmezligi üçin hepdäniň ortasynda geçirmek meýilleşdirilýär.
Ýatlap geçsek, 2023-nji ýylyň dekabr aýynda Ýewropa Bileleşiginiň kazyýeti FIFA we UEFA tarapyndan klublaryň Superliga gatnaşmagyna gadaganlyk girizmegini bikanun diýip yglan etdi. Kazyýetiň metbugat relizinde dünýä futbolynda iň ýokary ýolbaşçy guramalaryň çözgüdiniň Ýewropanyň kanunyna ters gelýändigi bellenilýär.


şu gün 10:24
2.8k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.4k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.8k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.1k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......