Hyundai Santa Fe 2025 krossoweriniň täze wersiýalaryny hödürledi

  • 10.12.2024 17:42
  • 5k+

Günorta Koreýanyň Hyundai kompaniýasy gowulandyrylan gibrid gurluşly 2025-nji model ýyly üçin Santa Fe krossoweriniň täze wersiýalaryny hödürledi.

Ýewropa bazarynda bu model iki komplektasiýada elýeter bolar. Olar - Business (55 800 ýewro) we XClass (57 700 ýewro).
IXBT portalynyň habar bermegine görä, täze ulag 160 at güýjüni öndürýän 1,6 litrlik turbo hereketlendirijisini we 98 at güýji bolan elektrik hereketlendirijisini aldy. Jemi kuwwaty 253 at güýjüne ýetýär, sygymy 13,8 kWt•s bolan batareýa 54 km-ä çenli elektrik çekijiligini üpjün edýär.
Adaty enjamlaşdyrylan görnüşi 18 dýuýmlyk tekerleri, LED optikany, goşa zolakly howa gözegçiligini we adaptasiýa kruiz dolandyryşyny öz içine alýar.
XClass-yň ýokarky wersiýasy 20 dýuýmlyk tekerleri, şemalladyjyly oturgyçlary we ýarym awtonom Highway Driving Assist 2.0 kömekçisini hödürleýär. Şeýle hem bu komplektasiýada smartfon arkaly uzakdaky awtoulag duralgasy funksiýasyny öz içine alýar.
Müşderilere Nappa deri bezegi, Bose ses ulgamy we baş ekrany bolan Calligraphy Pack hödürlenýär. Ähli tekerleri hereketlendiriji esasy wersiýa eýýäm girizildi.


15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.6k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.5k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

26.05.2026 10:00
4.2k+

Hyundai awtoulaglary üçin sanly “örtükleri” satmaga başlady

Hyundai awtoulag eýelerine multimediýa ulgamy üçin sanly temalara elýeterliligi açdy, ilki bilen 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan mugt wersiýadan başlady....