Raýmanyň ak syrça bilen çekilen suraty 1,4 mln dollara satyldy, ýöne ol alyja berilmez

  • 10.12.2024 16:21
  • 5.3k+

Amerikaly suratkeş Robert Raýmanyň ak suraty Berlinde geçirilen Ketterer Kunst auksionynda 1,4 mln dollara satyldy. Alyjynyň ady äşgär edilmeýär. Auksion öýi materialyň gowşaklygy sebäpli suratyň söwda öýünde saklanjakdygyny aýtdy diýip, Overclockers portaly habar berýär.

General 52” x 52” atly bu surat, aslynda, hiç hili suratsyz çarçuwaly ak kendirdir. Suratyň başlangyç bahasy 1,2 mln dollar boldy, ýöne söwdanyň dowamynda mukdar ýokarlandy.
Bu eser Raýmon tarapyndan 1970-nji ýylda, adatça, metal üçin ulanylýan syrça boýaglarynyň ulanylmagy bilen döredildi. Suratkeş pagta kendirini ulandy, şol sebäpli boýag örän gowşak we näzik boldy welin, ony hatda ellemek ýa-da zeper ýetmek töwekgelçiligi bolmazdan köpçülige çykarmak mümkin däl.

“Material örän duýgur we islendik täsir eseriň gymmatyny peseldip biler” diýip, auksion öýüniň wekili belledi we şu sebäpli onuň auksion öýünde galjakdygyny hem-de alyja iberilmejekdigini sözüniň üstüne goşdy.

Robert Raýman (1930 – 2019) öz karýerasyny jaz pianinoçysy hökmünde başlady we žiwopis bilen Nýu-Ýorkdaky Häzirkizaman sungat muzeýinde gözegçi wagty gyzyklanyp başlady. Onuň döredijiligi minimalizme we abstrakt ekspressionizme degişlidir.

düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
812

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
3.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......