Hyundai 2026-njy model ýylynyň Palisade-ny görkezdi

  • 09.12.2024 16:15
  • 7.8k+

Hyundai 2026-njy ýylyň modeli hökmünde hödürlenen Palisade wnedorožniginiň täze nesli barada maglumatlary aýan etdi. Satuwlar 2025-nji ýylda başlanar. Awtoulag täze dizaýna we dokuz ýolagça niýetlenen interýere eýe boldy diýip, Motor1 habar berýär.

Awtoulag Santa Fe we Creta modelleri ýaly, piksel stilinde, ýöne biraz salykatlyrak äheňde bezeldi. Daşky aýratynlygy öňünde LED zolagynyň bolmagyndan ybarat.
Ulag ulaldylan teker bazasyny aldy, indi ol, takmynan, 3 metr töweregi boldy. Model 21 dýuýmlyk tekerler bilen enjamlaşdyrylandyr. Bagažda tekerleriniň doly hereketlidigini tassyklaýan HTRAC nyşany ýok bolsa-da, modelde onuň boljakdygy kepillendirilýär.
Interýeri hem esli özgerişlikleri başdan geçirdi. Täzeliklere 12,3 dýuýmlyk iki ekran we ruluň ýüzündäki geçirişi saýlaýjy girýär. Oturgyçlaryň arasynda goşmaça ýer döretmek üçin üýtgedip bolýan uly tirseklikler bar.
Täze Hyundai Palisade 2025-nji ýylyň ortalaryna satuwa çykarylar.


15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.6k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.5k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

26.05.2026 10:00
4.2k+

Hyundai awtoulaglary üçin sanly “örtükleri” satmaga başlady

Hyundai awtoulag eýelerine multimediýa ulgamy üçin sanly temalara elýeterliligi açdy, ilki bilen 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan mugt wersiýadan başlady....