Şikaýat kazyýeti ABŞ-da TikTok-yň gadagan edilmeginiň kanunylygyny tassyklady

  • 09.12.2024 14:46
  • 9.9k+

Şikaýat kazyýeti TikTok-y ABŞ-nyň çäginde gadagan etmek baradaky kanuny kanunalaýyk diýip hasaplady. Bu barada Bi-bi-si habar berýär.

Kompaniýa bu çözgüdiň 170 mln amerikaly ulanyjynyň hukuklaryny çäklendirýändigini aýtdy, ýöne kazyýet milli howpsuzlyga abanýan howplara garşy göreşmegiň zerurdygyny nygtady.
Indi TikTok bu çözgüt bilen baglylykda Ýokary kazyýete şikaýat etmek isleýär. Kompaniýanyň wekilleriniň aýtmagyna görä, kanun nädogry maglumatlara esaslanýar we söz erkinliginiň çäklendirilmegine getirer.
Hünärmenler programmanyň geljeginiň täze saýlanan Prezident Donald Trampyň syýasatyna bagly boljakdygyny belleýär. 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda geçirilen saýlawdan öňki kampaniýasynda ol ýeňiş gazanan ýagdaýynda sosial ulgamyň ýurtda gadagan edilmezligi üçin çäreleri görmäge wada berdi. Ýöne köpler onuň bu meselede Kongresse garşy çykjakdygyna şübhelenýärler.
Belläp geçsek, gadagan etmek ýa-da TikTok-y mejbury satmak baradaky kanun 19-njy ýanwarda güýje girmeli, Tramp hem 20-nji ýanwarda Ak öýe dolanyp, resmi taýdan wezipä girişer.


19.06.2026 19:47
1.1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......