Time 2024-nji ýylyň iň gowy 10 oýnuny saýlady: Dragon Age: The Veilguard - birinji

  • 09.12.2024 07:00
  • 2.9k+

Time žurnaly 2024-nji ýylyň iň gowy 10 oýnunyň sanawyny çap etdi. Birinji orny BioWare studiýasynyň Dragon Age: The Veilguard - action/RPG oýny eýeledi.

Taýtl ösen we inklýuziw gahryman dörediş ulgamy, şeýle hem uly göwrümli başdan geçirme duýgusy üçin wasp edildi.
Sanawda ikinji ýerde PS5 gözegçisiniň ähli mümkinçiliklerini açýan we PlayStation kult oýunlaryna köp salgylanmalary öz içine alýan Astro Bot platformeri durýar.
Final Fantasy VII Rebirth hem ilkinji 3-lige girdi. Bu JRPG Final Fantasy VII (1997) kultynyň meýilleşdirilen remeýk trilogiýasynyň ikinji bölümi. Bilermenler ony ägirt uly açyk dünýäsi, gahrymanlarynyň üstünde çuň işlenilendigi we gyzykly söweşleri üçin öwdi.
Iň gowy 10 oýnuň doly sanawy şundan ybarat:

  1. Dragon Age: The Veilguard
  2. Astro Bot
  3. Final Fantasy VII Rebirth
  4. Silent Hill 2
  5. Neva
  6. Alan Wake 2: Night Springs we Alan Wake 2: The Lake House
  7. Black Myth: Wukong
  8. Star Wars Outlaws
  9. Lego Horizon Adventures
  10. Helldivers 2

Time-yň bellemegine görä, 2024-nji ýylda çykan täze oýunlaryň arasynda blokbasterler köp däl.

düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
812

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
3.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......