“Los-Anjeles Gelaksi” altynjy gezek MLS-iň Kubogyny utdy

  • 09.12.2024 06:51
  • 5.9k+

“Los-Anjeles Gelaksiniň” futbolçylary ABŞ-nyň we Kanadanyň professional futbol ligasy bolan MLS-iň Kubogynyň altynjy gezek eýesi boldular. Karson-Sitide (Newada) geçirilen pleý-offuň final oýnunda olar “Nýu-Ýork Red Bullzy” 2:1 hasabynda utdular.

Ýeňijilerden Jozef Peýntsil (9-njy minut) we Deýan Ýoweliç (13) gol girizdi. Garşydaş topardan Şon Nilis tapawutlandy (28).
Bu “Gelaksi” üçin ýaryşda altynjy ýeňiş boldy we bu täze rekorddyr. Geçen gezek olar on ýyl mundan ozal – 2014-nji ýylda ýeňiş gazanypdylar. Kubok sany boýunça ikinji orny “Di Si Ýunaýted” (4 ýeňiş), üçünji orny “Kolambus Krýu” (3 titul) eýeleýär.
“Gelaksiniň” düzüminde tituly Dortmundyň “Borussiýasynyň” we Germaniýanyň milli ýygyndysynyň öňki futbolçysy Marko Roýs gazandy.
Belläp geçsek, MLS geografik alamat boýunça Günbatar we Gündogar konferensiýalara bölünýär. Gündogar konferensiýasynda 15 topar, Günbatar konferensiýasynda 14 topar çykyş edýär. MLS-iň yzygiderli çempionaty mart – oktýabr aýlarynda geçirilýär we bu döwürde her topar 34 oýun oýnaýar. Her konferensiýadan iň gowy alty topar noýabr aýyndan dekabr aýynyň başyna çenli dowam edýän pleý-off tapgyryna çykýar. Bu ýaryş hem liganyň çempionyny kesgitleýän MLS Kubogy üçin soňky oýun bilen tamamlanýar.
Ýatlap geçsek, Lionel Messiniň, Luis Suaresiň, Serhio Busketsiň we Žordi Albanyň çykyş edýän “Inter Maýami” topary pleý-offuň birinji tapgyrynda “Atlanta Ýunaýtedden” utuldy.


şu gün 11:31
1.5k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

şu gün 10:24
2.8k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.4k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.8k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......