Ronaldudan UFL futbol simulýatory PS5 we Xbox Series üçin elýeterli boldy

  • 08.12.2024 11:07
  • 5.3k+

5-nji dekabrda mugt UFL futbol simulýatorynyň relizi boldy. Strikerz studiýasynyň oýny PlayStation 5-de we Xbox Series-de eýýäm elýeterli, PK üçin wersiýa bolsa 2025-nji ýylda peýda bolar.

UFL arzuwyňdaky topary döretmek mümkinçiligini hödürleýän ulgamlaýyn simulýatordyr. Onuň mehanikasy EA Sports FC-den Ultimate Team režimini ýada salýar. Oýunda ýekelikdäki režim ýok.
Taslamany meşhur futbolçy Kriştianu Ronaldu goldady, ol oýnuň işlenip düzülmegine, takmynan, 40 mln dollar maýa goýdy. Şeýle-de, ol oýnuň ýüzi bolup çykyş etdi. Beýleki ilçileriň arasynda Kewin De Brýoýne, Roberto Firmino, Aleksandr Zinçenko we Romelu Lukaku bar.
Işläp düzüjler UFL-i dogruçyl mehanikalary bolan futbol simulýatory hökmünde kesgitleýärler.


düýn 07:28
7.1k+

Nike Dünýä çempionaty – 2026 üçin gyzykly 6 minutlyk wideofilminde futbol ýyldyzlaryny jemledi

Nike kompaniýasy öňümizdäki 2026-njy ýylyň futbol boýunça Dünýä çempionatyna bagyşlanan «Ssenariýany täzeden ýazmak» («Rip the Script») atly 6 minutlyk täsirli mahabat filmini tanyşdyrdy. Bu wideorolikde......

28.05.2026 19:36
12k+

ABŞ-nyň prokurorlary DÇ-2026-nyň biletleriniň gymmatlamagy boýunça derňew geçirýärler

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi ştatlarynyň baş prokurorlary 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň biletleriniň satylmagy bilen baglylykda FIFA-nyň üstünden derňew işini başladylar....

27.05.2026 21:24
7.9k+

DÇ-2026-nyň finalynyň arakesmesinde Madonna, Şakira we BTS çykyş eder

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň final duşuşygynda taryhda ilkinji gezek Halftime Show (arakesme şüweleňi) geçirmegi meýilleşdirýändigini yglan etdi. Şüweleňiň......

22.05.2026 14:33
6.2k+

Hytaý dünýä çempionatyny görkezmek hukugyny FIFA-nyň isläninden 5 esse arzan satyn aldy

Hytaý döwlet teleradiokompaniýasy (CCTV) 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyny ýaýlyma bermek barada Halkara futbol federasiýasy (FIFA) bilen ylalaşyk gazandy. «Hong Kong 01» neşiriniň CCTV-niň......