2024-nji ýylda “Wikipediýada” iň köp görlen sahypalar belli boldy

  • 08.12.2024 10:59
  • 4.3k+

“Wikimedia” gaznasy 2024-nji ýylda iňlis dilindäki “Wikipediýada” iň meşhur makalalaryň sanawyny hödürledi. Reýtinge ýylyň 11 aýynda iň köp görlen materiallar girdi.

Birinji orny 44,4 mln gezek görlen “2024-nji ýyldaky ölümler” sahypasy eýeledi.
Ikinji orny Demokratik partiýasyndan ABŞ-nyň prezidentligine dalaşgär Kamala Harris baradaky makala aldy. Ulanyjylar onuň bilen 28,9 mln gezek gyzyklandylar. Onuň garşydaşy respublikaçy Donald Tramp saýlawlarda ondan üstün çyksa-da, “Wikipedia” reýtinginde ýeňildi – ol baradaky ensiklopedik makala 25,2 mln gezek okaldy (sanawda bäşinji orun).
Üçlügi ABŞ-daky Prezident saýlawlarynyň özüne bagyşlanan sahypa jemleýär – 27,9 mln gezek görlen.
Şeýle-de, onluga syýasat, medeniýet we sport bilen baglanyşykly mowzuklar goşuldy. Doly sanaw şeýle:

  • “2024-nji ýyldaky ölümler” – 44,4 mln gezek görlen;
  • Kamala Harris – 28,9 mln gezek;
  • ABŞ-daky Prezident saýlawlary (2024) – 27,9 mln gezek;
  • Doganlar Menendes – 26,1 mln;
  • Donald Tramp – 25,2 mln;
  • Futbol boýunça Hindistanyň çempionaty – 24,5 mln;
  • Jeý Wens – 23,3 mln;
  • “Dedpul we Rosomaha” – 22,3 mln;
  • “Taslama 2025” – 19,7 mln;
  • Hindistanda parlament saýlawlary (2024) – 18,1 mln.
şu gün 20:14
496

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

şu gün 20:02
262

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

şu gün 19:56
1k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

şu gün 19:53
332

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......