Gökdirän-şäherçe: Tiranadaky diňiň taslamasy şäher we oba binagärçiligini birleşdirer

  • 07.12.2024 15:42
  • 7.9k+

Tiranada (Albaniýanyň paýtagty) özboluşly bir bina peýda bolar. Binagärleriň pikiriçe, diňiň daşky görnüşi bir gurluşa ýygnanan üçekli jaýlar toplumyna meňzeýär.

"Network of Architecture" (NOA) studiýasy tarapyndan döredilen taslama “Tirananyň pazly” diýilýär. Binany Tirana şäheriniň günorta-günbatar bölegindäki Ruga Medar Ştilla köçesinde gurmak meýilleşdirilýär. Onuň boýy 71 metr, esasy tutýan meýdany bolsa 75-25 metr bolar .

“Jaýlar pazlyň bölekleri ýaly işleýär. Biri-birine salynýar, gurluşa laýyk gelip “basýança” aýlanýar" diýip, NOA-ny esaslandyryjy Lukas Rungger aýtdy.

Taslama Tiranyň häzirki zaman binagärçiliginiň çäginde işlenip düzüldi. Esasy ideýa şäheriň çalt ösüşini görkezýän şäher we oba stilleriniň garyşmagyny özünde jemleýär.

"Biz şäheriň ösüşini alamatlandyrýan oba ýerinden şäher durmuşyna geçişi suratlandyrmaga synandyk" diýip, Rungger sözüniň üstüne goşdy.

Bina daşyndan köp sanly kiçijik jaýdan ybarat ýaly görünse-de, binanyň içi yzygiderli, bitewi giňişlikdir.
Bu desga köp wezipeli bolar. Birinji gatda täjirçilik jaýlary (ýerasty awtoulag duralgasy bilen üpjün ediler) we ýokarda myhmanhana, kwartiralar ýerleşer. Ýedinji-on altynjy gatda 70-den 130 inedördül metre çenli 158 sany kwartira bolar. Iň ýokarky üç gaty penthouslar tutar, olaryň her biri beýlekisinden baglar bilen aýrylar.
Binanyň daşky görnüşiniň esasy aýratynlyklaryndan biri 8-nji we 11-nji gatyň arasyndaky açyk eýwan (terras) bolup, ol ýerde “ters gurlan jaý” bolar. Binanyň käbir elementleri, şol sanda açyk eýwanlar (terraslar) janly ösümlikler bilen bezeler.
Taslama deslapky tassyklamany aldy we gurluşygyň ýakyn wagtda başlamagyna garaşylýar. Binanyň gurluşyk işleriniň tamamlanjak senesi entek mälim edilmedi.

şu gün 00:00
299

Psihologlar şübhelenmegi paýhasyň alamaty saýýarlar

Şübhe — bu diňe bir özüne ynanmazlyk däl, eýsem, pikirlenmäge we dogry karara gelmäge täsir edýän möhüm hadysadyr. Şeýle netijä gelmäge Thinking & Reasoning žurnalynda çap edilen barlag işiniň beýany doly esas......

düýn 22:20
1.2k+

Maýkl Jekson baradaky film tankytlara garamazdan, ilkibaşda baýopikler üçin rekord $217 million gazandy

"Maýkl” atly terjimehal film ilkinji dynç günlerinde dünýäde 217 million dollar girdeji gazanyp, terjimehal filmleriň arasynda rekord goýdy.Bu barada The Guardian neşiri habar berýär. ...

düýn 11:37
1.5k+

"Ar alyjylar: Ahyry" gaýtadan prokata çykarylmazdan öň goşmaça sahnalary alar

Režissýorlar Entoni bilen Jo Russo "Ar alyjylar: Ahyry" filmine dünýä derejesinde gaýtadan görkezilmezden öň täze sahnalaryň goşuljakdygyny tassykladylar....

düýn 11:21
4.8k+

Hytaýly bedenterbiýe mugallymy 30 ýylyň dowamynda 300-e golaý hossarsyz çagany terbiýeledi

Hytaýyň Anşan şäherinden 52 ýaşly bedenterbiýe mugallymy Baý Szýan soňky 30 ýylyň içinde ene-atasynyň gözegçiliginden mahrum bolan 276 çagany öz hossarlygyna aldy....