Dünýäde iň köp girdeji gazanan zenan türgenleriniň ilkinji 15-siniň 9-sy tennis oýnaýar

  • 07.12.2024 08:38
  • 2.8k+

2024-nji ýylyň iň köp girdeji gazanan 15 zenan türgeniniň reýtinginde dokuz ýeri tennis wekilleri eýeledi. Sanaw Sportico portaly tarapyndan düzüldi.

Birinji orny 30,4 mln dollar gazanan dünýäniň üçünji raketkasy amerikaly Kori (Koko) Gauff eýeledi. Onuň girdejisiniň esasy bölegini hemaýatkärlik şertnamalary ($21 mln), galan 9,4 mln dollary pul baýraklary emele getirdi.
Üçünji setirde 21,4 mln dollar umumy girdeji bilen polşaly tennisçi Iga Şwýontek ýerleşdi. Hytaýly türgen Çžen Sinwen dördünji ($20,6 mln), belarusly Arina Sobolenko bäşinji orny ($17,7 mln) eýeledi.
Tennisçileriň ilkinji bäşlikde agdyklyk etmegi asly amerikaly hytaýly fristaýlçy 21 ýaşly Eýlin Gunuň goşulmagy bilen “bozuldy”. Onuň girdejisi 22,1 mln dollar boldy, şol bir wagtyň özünde pul baýraklary bary-ýogy 62 müň dollary emele getirýär, galanlary bolsa hemaýatkärlik şertnamalarynyň paýyna düşýär. Ol Pekinde geçirilen 2022-nji ýyldaky gyşky Olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda 20-den gowrak brend bilen hyzmatdaşlyk baglanyşdy we InStyle, Marie Claire we Vogue ýaly hytaý neşirleriniň daşynda peýda boldy. Onuň soňky uly şertnamasy Porsche bilen hyzmatdaşlyk boldy.
Şeýle-de, reýtinge golfçylar Nelli Korda, Jino Titikul we Lidiýa Ko, gimnastikaçy Simona Baýlz we basketbolçy Keýtlin Klark girdi.
Umuman, doly sanaw şeýle görnüşde:

  1. Kori Gauff (ABŞ) — $30,4 mln ($9,4 mln baýrak + $21 mln hemaýatkärlik şertnamalary)
  2. Eýlin Gu (Hytaý) — $22,1 mln ($62 müň + $22 mln)
  3. Iga Şwýontek (Polşa) — $21,4 mln ($8,4 mln + $13 mln)
  4. Çžen Sinwen (Hytaý) — $20,6 mln ($5,6 mln + $15 mln)
  5. Arina Sobolenko (Belarus) — $17,7 mln ($9,7 mln + $8 mln)
  6. Naomi Osaka (Ýaponiýa) — $15,9 mln ($870 müň + $15 mln)
  7. Emma Radukanu (Beýik Britaniýa) — $14,7 mln ($671 müň + 14 mln)
  8. Nelli Korda (ABŞ) — $11,1 mln ($100 müň + $11 mln)
  9. Simona Baýlz (ABŞ) – $11,1 mln ($135 müň + $11 mln)
  10. Keýtlin Klark (ABŞ) — $11,1 mln ($100 müň + $11 mln)
  11. Žasmin Paolini (Italiýa) — $10 mln ($6,5 mln + $3,5 mln)
  12. Jino Titikul (Tailand) — $9,1 mln ($7,1 mln + $2 mln)
  13. Jessika Pegula (ABŞ) — $8,2 mln ($4,2 mln + $4 mln)
  14. Ýelena Rybakina (Gazagystan) — $7,9 mln ($3,9 mln + $4 mln)
  15. Lidiýa Ko (Täze Zelandiýa) — $6,7 mln ($3,2 mln + $3,5 mln).

06.06.2026 11:31
3.1k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.2k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

19.05.2026 16:26
7.9k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......