Milliarder we ilkinji hususy kosmos missiýasynyň komandiri NASA-nyň ýolbaşçysy bolar

  • 07.12.2024 08:18
  • 4.7k+

ABŞ-nyň täze saýlanan Prezidenti Donald Tramp milliarder, uçarman we täjirçilik astronawty Jared Aýzekmany NASA-nyň ýolbaşçysy wezipesine bellemek kararyny yglan etdi.

Aýzekmanyň kosmos uçuşlary boýunça şahsy tejribesi bar: ol SpaceX kompaniýasynyň tehnologiýalaryny ulanmak bilen Ýere golaý orbita amala aşyrylan iki hususy orbital missiýa ýolbaşçylyk etdi. Hususan-da, ol açyk kosmosa çykmak boýunça ilkinji raýat missiýasy bolan Polaris Dawn taslamasyna ýolbaşçylyk etdi.
Bu habara teswir bermek bilen, Aýzekman adamyň Aýa gaýdyp barmagyna we soňlugy bilen Marsyň özleşdirilmegine ünsi gönükdirjekdigini aýtdy.

“Amerikalylar Aýda we Marsda gezer we muny etmek bilen biz şu ýerde, Ýerde durmuşy has gowy ederis” – diýip, milliarder wada berdi.

Aýzekman Shift4 töleg ulgamynyň esaslandyryjysydyr. Ol mümkin bolan gyzyklanma dawalarynyň öňüni almak üçin kompaniýanyň baş müdiri wezipesinden çekiljekdigini belledi.
Hünärmenler Ilon Mask bilen dostlukly gatnaşyklary bolan Aýzekmanyň bu wezipä bellenmeginiň SpaceX-iň Blue Origin we Sierra Space ýaly bäsdeşlerini alada goýýandygyny belleýär. Olar bu SpaceX-iň NASA-nyň iri şertnamalary üçin bäsdeşlikde ornuny güýçlendirer diýip hasaplaýar.


şu gün 16:26
1.6k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

düýn 08:03
14k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....

04.06.2026 23:16
5k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......

03.06.2026 18:12
6.7k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......