Uill Smit Fransiýada geçiriljek aýdym-saz festiwalynda rep aýdymlary bilen çykyş eder

  • 06.12.2024 17:38
  • 3.7k+

“Gara geýimli adamlar” (Люди в черном) we “Bagtyň kowgusy” (В погоне за счастьем) filmleri bilen tanalýan amerikaly aktýor Uill Smit Positiv Festival aýdym-saz festiwalynda çykyş eder. Bu barada Rolling Stone habar berdi.

Smit 31-nji iýulda Fransiýanyň Oranž şäherinde ýerleşen Antik teatrynda çykyş eder. Ol ilkinji gezek Fransiýanyň çäginde öz rep aýdymlaryny ýerine ýetirer.
Uill Smit aýdym-saz festiwalynyň ilkinji yglan edilen gatnaşyjysy boldy. Çärede başga kimiň çykyş etjekdigi heniz belli däl.
Festiwala gatnaşmagy Smitiň aýdym-saz pudagyna gaýdyp gelýändigini aňladar. Gürrüňlere görä, häzirki wagtda artist täze albomynyň üstünde işleýär. Ýakynda ol “Work of Art” aýdymyny çykardy.
Aprel aýynda Smit “Koaçella” festiwalynda kolumbiýaly sazanda Jeý Balwine goşuldy. Şeýle-de, aktýor iýun aýynda BET Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasynda çykyş etdi.
Belläp geçsek, öň Smit dört “Gremmi” baýragyny aldy. Ol karýerasynda dört albom çykardy: 1997-nji ýylda “Big Willie Style”, 1999-njy ýylda “Willennium”, 2002-nji ýylda “Born to Reign” we 2005-nji ýylda “Lost and Found”. Bu albomlara “Gettin’ Jiggy Wit It”, “Girls Ain’t Nothing But Trouble” we “A Nightmare on My Street” ýaly aýdymlar girdi.

düýn 20:14
1.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
827

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
3.5k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......