Intel kompaniýasy 40 ýyl töweregi işlän baş direktoryny işden boşatdy

  • 04.12.2024 15:01
  • 4.5k+

Intel-iň baş direktory Pet Gelsinger 1-nji dekabrda eýeleýän wezipesinden aýryldy we kompaniýanyň direktorlar geňeşinden çykdy. Bu barada kompaniýanyň 2-nji dekabrda ýaýradylan metbugat beýanatynda aýdylýar.

Täze baş direktor saýlanýança, kompaniýa wagtlaýyn Intel-iň wise-prezidenti we baş maliýe işgäri Dewid Zinsner we Intel Products-yň baş direktory Mişel Jonston Holthaus ýolbaşçylyk eder. Geçiş döwründe Intel-iň direktorlar geňeşiniň garaşsyz başlygy Frenk Godi wagtlaýyn ýerine ýetiriji başlyk bolar.
Pet Gelsinger Intel-de 1979-2009-njy ýyllar aralygynda işledi. 2021-nji ýylyň fewralynda ol ýene-de kompaniýa gaýdyp geldi we baş direktory boldy. Intel-e baş bolan Gelsinger üýtgedip gurmak we çykdajylary azaltmak boýunça maksatnammasyny durmuşa geçirip başlady.
Soňky ýyllarda kompaniýa maliýe kynçylyklaryny başdan geçirýär, şonuň üçin köp işgärlerini işden aýyrýar. Ýüze çykan çökgünligiň fonunda habar beriş serişdelerinde ykjam çip öndürijisi Qualcomm-yň Intel -i satyn almakçy bolýandygy baradaky habarlar ýaýrady.


20.05.2026 15:31
986

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

23.04.2026 03:54
2.6k+

Samsung-da 30 ýyllap işlän top-menejer Intel-de baş direktor boldy

Intel kompaniýasy Şon Hany «Foundry Services» bölümçesiniň uly wise-prezidenti we baş direktory wezipesine belledi. Şon Han ozal 30 ýyla golaý wagtlap Samsung-da işläp, «Samsung Semiconductor» bölümçesiniň uly......

13.04.2026 23:42
2.9k+

Intel we Ilon Mask «TeraFab» çiplerini öndürmek üçin birleşdiler

Intel korporasiýasy SpaceX, xAI we Tesla bilen bilelikde ägirt uly ýarymgeçiriji önümçiligini döretmek üçin TeraFab taslamasyna goşuldy. Bu taslama Ilon Maskyň kompaniýalaryny her ýyl 1 terawatt (TWt)......